Edermenligiň ajaýyp nusgasy

25 Oktýabr 2023
2065

Türkmen alabaýynyň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk ýaly häsiýet-sypatlaryny öz duýgulary, hereketleri arkaly, özüni alyp barşy bilen örän anyk, dürs aňladýandygyny bu gün bütin dünýä bilýär. Milletiň öz bolşuny milli gymmatlyklaryna şeýle dürs geçirip bilşi bolsa, çuňňur oýlanyp otursaň, hakykatdan hem, dünýäni aňk ediji, juda haýran galdyryjy ahwalatdyr. Şeýle ahwalaty biz milli gymmatlyklarymyzyň ählisinde — bedewimizde, halymyzda, kilimimizde, saryja goýnumyzda, dutarymyzdan, gyjagymyzdan syzylyp çykýan mukamlarymyzda hem görýäris, duýýarys.

Dünýä alymlary alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler. Bu milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Milli Liderimiziň bitiren hyzmatlarynyň ähmiýeti bütin geljegimize uzap gidýär. Bu türkmen alabaýy babatynda hem şeýledir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orny eýelän alabaý itlerine degişli bilimleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bu kitapda Gündogaryň beýik danasy Jelaletdin Rumynyň pars dilinde ýazylan «Mesnewi» diwanynda: «Baraýsaň sen tötänden gapysyndan türkmeniň, işiginde itiniň ýatanyny görersiň» diýen setirler getirilýär. Gahryman Arkadagymyz alabaýyň aňrysynyň juda gadymdan gelýändigini dürli maglumatlaryň üsti bilen beýan edýär. Köne Nusaý ýadygärliginden 1949-njy ýylda ýüze çykarylan şabadalaryň erňegine çekilen täsin şekilleriň içinde uly kelleli, haýbatly itiň şekiliniň bardygy baradaky maglumat hem ünsüňi çekýär. Paryzdepeden, Altyndepeden, Merwden, Horezmden tapylan türkmen alabaýynyň şekilleri ýaly tapyndylaryň türkmen topragyndaky gadymy ýadygärlikleriň köpüsinde geçirilen gazuw-agtaryşlarda duş gelýändigini biz bu gün bilýäris. Biziň welaýatymyzyň çäginde — Çärjew etrabyndaky Ýasydepe ýadygärliginden türkmen alabaýynyň X asyra degişli heýkeli ýüze çykaryldy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.