«Dury gözli durnalar»

16 Oktýabr 2023
2164

Türkmenleriň arasynda guşlar bilen baglanyşykly ýaýran ruhy we durmuş ýörelgeleri her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Guşlara yzygiderli gözegçiligiň netijesinde halk paýhasynyň goýry gönezliginde olar barada giň düşünjeler jemlenipdir. Olaryň ýaşaýyş şertleri, köpelişi, häsiýetleri barada ençeme gyzykly rowaýatlar, ertekiler, tymsallar, nakyllar, atalar sözleri döräpdir. Halk döredijiligi eserleriniň ähli görnüşlerinde guşlary goramak, olara ýardam etmek meselesi örboýuna galýar.

Türkmenleriň guşlar babatynda gyzykly däplerinde, ynançlarynda durnalar aýratyn orun eýeleýär. Türkmen halk döredijiliginiň eserlerinde durnalar adalatlylygyň, hoşgylawlylygyň alamaty hökmünde suratlandyrylýar. Durnalar Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan guş däldir. Olar ötegçi, wagtlaýyn ýaşaýan, düşläp geçýän guşlara degişlidir. Howa sowap ugranda, durnalar gyşlamak üçin günorta tarap geçýärler. Il arasynda: «Gaz geçse, gapyňy aç, durna geçse, duluňy ýap» diýen nakyl howanyň ýagdaýyny duýdurýan aýtgy bolup, giňden ýaýrapdyr. Türkmen awçylary durnanyň etinde ownuk süňkleriň köpdügi sebäpli ony awlamandyrlar. Il içinde durnanyň etini iýmek hem oňlanmandyr.

Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.