«Çarhypelek» — nepisligiň nusgasy

8 Oktýabr 2023
1706

Bazar gatnaşyklarynyň tapgyrlaýyn döwrebaplaşmagy bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hususyýetçiligiň orny we ähmiýeti has artyp, bu ugurda ýokary üstünlikler gazanylýar. Halkyň isleglerini kanagatlandyrýan önümçilikleriň hatarynda halyçylyk pudagyna uly orun degişli. Çünki, haly önümlerine diňe bir ýurtda däl, eýsem, dünýä ýüzünde isleg ýokary. Onda-da türkmen halylaryna.

Haly hakda söz açmak bilen, onuň çeperden täsin, gözellik nury siňdirilip dokalyşy barada, şunda «Çarhypelek» haly kärhanasynyň iş tejribesini okyjylara ýetirmek maksady bilen, kärhananyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Kümüş Täjibaýewa bilen söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan: Şamyrat MUHAMMETGURBANOW, žurnalist.
Surata düşüren: Maksat GYLYJOW, «Biznes reklama».