Bäsleşigiň düzgünnamasy

21 Sentýabr 2023
917

Milli mirasa, gadymy gymmatlyklara baý türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeniýetiniň kemala gelmeginde ene-mamalarymyzyň çeper elleri bilen döreden işlerine aýratyn orun degişlidir. Türkmen zenanlarynyň hünär ussatlygy bilen döredilen el işleriniň birnäçesi dünýä derejesindäki ykrarnama eýe boldy. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, türkmen halylarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda şol milli gymmatlyklaryň köp sanlysy taryhy muzeýlerde aýawly saklanýar. Şolaryň arasyndan iň ýörgünlileriniň biri hem halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, her bir öýde ulanylýan alajadyr.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetirilen milli el işi bolan alajanyň döreýiş taryhyny, onuň ýaşaýyş-durmuşymyzda eýeleýän ornuny, ähmiýetini giňden açyp görkezmek, ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Alajam — ak bagta ynamym meniň» atly zehin bäsleşigini yglan edýär.