Resmi habar

21 Sentýabr 2023
628

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.