3 aýlyk uçarbeletlik okuwlara resminamalar kabul edilýär

18 Sentýabr 2023
404

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý bolan uçarbeletleriň başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.

Okuwa kabul edilmek üçin ýaşy 27-den geçmedik gyzlaryň we ýigitleriň ýokary bilim baradaky resminamasynyň, suwda ýüzmek ukybynyň bolmagy, türkmen we rus dillerini erkin bilmegi hem-de beýleki talaplara laýyk gelmegi zerurdyr. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.