Hormatly raýatlar!

9 Awgust 2023
741

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Türkmenistanyň raýatlaryny, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary «Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş» görnüşiniň hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolan ýa-da olar tarapyndan başga bir kanuny esasda ulanylýan hemişelik ýaşaýan ýerinde gurnalan we diwarlary hem-de üçegi bolan jaýlar (ýaşaýyş jaýlary, bagçylyk öýleri, ulag jaýlary, kömekçi we hojalyk jaýlary) meýletin ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.