ARKADAG ŞÄHERINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

3 Awgust 2023
821

«Gözellikdir Arkadagyň şäheri, nesillere eçilip dur bahary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli, onuň aýratynlygyny, gözelligini, ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde geçiren bäsleşiginiň guramaçylyk toparyna edebi we žurnalistika žanrlary boýunça eserleriň onlarçasy gelip gowuşdy. Bäsleşigiň jemi boýunça Arkadag şäherini, onuň gözelligini, ajaýyp binagärlik gurluşyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde eýe bolan belent ornuny  açyp görkezýän edebi we žurnalistik eserleriň, şeýle-de Arkadag şäheriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän fotosuratlaryň arasyndan has tapawutlanýanlary saýlanyp alyndy. Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşanlaryň arasyndan proza, poeziýa, žurnalistika we fotosuratlar boýunça ýeňijiler aýry aýrylykda saýlanyp alyndy. Guramaçylar tarapyndan ýeňijilere, baýrakly orunlaryň eýelerine we işjeň gatnaşan okyjylara sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Biz hem «Gözellikdir Arkadagyň şäheri,nesillere eçilip dur bahary»diýen şygar astynda guralan bäsleşige gatnaşan awtorlary gazanan ýeňişleri bilen gutlap, olara ruhubelentlik we ylhamlarynyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýäris!

Nagma APBAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.