Köpetdagyň etegindäki täsin künjek

2 Awgust 2023
1900

Aşgabat şäherindäki Janly tebigatyň milli muzeýine baranyňda, haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanşyp, olar barada täsirli maglumatlary öwrenip, özboluşly dünýä düşýärsiň. Şonuň üçin hem, bu künjege yzygider gezelenç etmäge gelýänleriň sany juda köp.

Bu täsin muzeý 2010-njy ýylda gojaman Köpetdagyň täsin künjeginde açylyp ulanylmaga berildi. Muzeýiň gündogar böleginde Afrika sawannasy hem-de ýyrtyjylar, onuň günbatar böleginde toýnaklylar we guşlar bar. Mesgeni Gündogar Afrika bolan haýwanlaryň birnäçe görnüşini hem bu ýerde haýran galyjylyk bilen synlamak bolýar. Güneşli Diýarymyzyň daglarynda, sähralarynda, suwlarynda we tokaýlarynda mesgen tutan janly-jandarlaryň birnäçe görnüşleri bu ýere aýratyn görk goşýar.

Taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.