Garagurt hem hinçi möýler barada

2 Awgust 2023
1763

Dünýäde möýleriň 27 müňden gowrak görnüşi mälimdir. Möýleriň iýmit siňdiriş synalary suwuk iýmiti özleşdirmeklige ukyplydyr. Tutan awynyň bedenine goýberýän zäheri olara iýmit siňdirmäge ýardam edýär. Şol zäheriň kömegi bilen erän jandary möýe diňe ýuwudaýmak galýar. Möýler sowuk howa şertli ýerlerde hem ýaşamaga ukyplydyrlar.

Möýleriň içinde iň howplusy garagurtdur. Ol çöllüklerde we ýarym çöllüklerde ýaşaýar. Garagurduň has howplusy urkaçysydyr. Onuň zäheriniň güýji iň güýçli zäherli diýip hasap edilýän ýylandan hem 15 esse ýokarydyr. Ol gara reňkli bolup, diňe arka tarapynda 1-2 sany gyzyl- -mämişi ýa-da sarymtyl çyzyklar ýerleşýär. Erkegi ak tegmiller bilen örtülendir we olaryň merkezinde açyk gyzyl tegmiljikler bardyr. Olar, esasan, ýowşanly çöllüklerde, ýaplaryň we derýalaryň kenarýakalarynda köpelýärler. Ösümlikleriň arasynda kerepden ýasalan höwürtgeleri, gemriji haýwanlaryň hinlerini, çygly ýerleri köpelmek üçin peýdalanýarlar.

Azatgül Namatowa,
tebigaty öwreniji.