Köýten obasy

2 Awgust 2023
801

Köýten daglary güneşli Diýarymyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän dag ulgamydyr. Belli türkmen dilçi alymy Soltanşa Atanyýazowyň «Söz mülküne syýahat» diýen gysgaça toponimiki sözlüginde: «Ilki obanyň hem-de derýanyň ady bolan Köýten «Kuhi taň», pars-täjik dillerindäki «kuh» —«dag» we «teň» — «dar» sözlerinden emele gelip, «dar jülge» diýen manyny aňladýar» diýlip bellenilýär.

Köýten adalgasynyň gelip çykyşy barada başga-da çaklamalar öňe sürülýär. Bilşimiz ýaly, türk dilinde oba, ilatly ýere «Köý» diýilýär. Köýten obasy dar jülgede ýerleşýär. Obanyň iki tarapy-da daglyk bolup, diňe günortan bolaýmasa galan wagtynda oba dagyň kölegesinde galýar. Şu ýagdaýy göz öňünde tutsak, onda «Köýten» sözi kölegedäki oba diýen manyny berýändir diýen çaklamany öňe sürmek mümkindir.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy.