Gözelligiň goragynda

26 Iýul 2023
1636

Ýurdumyzda ýitip ýok bolmak howpy abanýan haýwanlary goramak, olaryň sanyny köpeltmek boýunça uly tagallalar edilýär. Döwlete dahylly edara-guramalar bilen birlikde halkara guramalaryň wekilleri hem bu möhüm işe işjeň gatnaşýarlar. Bu babatda Merkezi Aziýa ekologik baglanyşyklylyk başlangyjy (CEECI) guramasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyk hem oňyn netijelerini berýär. Geçirilen işleriň netijesinde ýurdumyzda örän seýrek duşýan haýwanlaryň käbir görnüşleriniň sanynyň artýandygy bellige alyndy. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň günbatar sebitlerinde alajabarslaryň dokuzysynyň, şol sanda, ene alajabarsyň we onuň ýaş çagalarynyň ikisiniň alnan suratlary şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda örän seýrek duşýan köwügiň ― dag pişiginiň hem suraty alyndy. Uly Balkanyň günortasynda we Günbatar Köpetdagda bolsa gulanlaryň az sanly toparlarynyň peýda bolandygy bellige alyndy. Suratgapanlar arkaly alnan suratlar tebigaty goraýjylara ýitip ýok bolup barýan haýwanlaryň, ösümlikleriň görnüşleriniň anyk ýagdaýyna baha bermäge, olary gorap saklamagyň meýilnamalaryny işläp düzmäge mümkinçilik berýär.

Maksatnamalaýyn işleriň göwnejaý alnyp barylmagy netijesinde türkmen tebigaty barha baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz türkmen tebigatynyň hak howandarlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. Bu möhüm çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawy düýpli özgertmäge hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudaklaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.