Bildiriş

6 Iýul 2023
874

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Ýaşyl ykdysadyýet (green economy)» we «Akylly oba hojalygy (smart farming) we azyk senagaty» toparlaryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasynda dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär.

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2023-nji ýylyň 28-nji iýulyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.