Awazadaky döwrebap sport desgalary

20 Iýun 2023
1157

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023

Dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalan Türkmenistan döwletimiziň diňe bir sport ulgamynyň wekilleri üçin däl, şol bir wagtyň özünde işewürler we syýahatçylar üçin hem giňden açykdygy her birimize mälimdir. Bu gün dünýäniň ünsüni özüne çekýän Hazar deňziniň türkmen kenarynda ençeme iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlar, forumlar, festiwallar geçirilip, ýokary derejede guralýan iri ýaryşlar bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýüzüne ýaýdy. Awazada ýokary derejede geçirilen sport ýaryşlarynyň her birisi halkara bilermenleriň oňyn seslenmesine mynasyp boldy.

Gülnabat SAPAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty.