«Türkmenhowaýollary» täze howa gämilerini satyn alar

12 Iýun 2023
1311

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 4 sany «Boeing 737-8» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi. 

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 2 sany «Boeing 777-367/ER» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň degişli kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.