«Awaza» barmak üçin ulag hyzmatlary doly yola goýuldy

9 Iýun 2023
1308

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpden bäri garaşylýan tomusky dynç alyşdan aýyrýan 500 kilometrden gowrak aralygy geçmegiň birnäçe ýoly bar:

Iň meşhury we iň çalty – uçar bilen! «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça gündelik irdenki uçuşlary amala aşyrýar. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara howa menzili bilen agşamky uçuşlar hem baglanyşdyrýar: hepdede dört gezek 18:00-da we üç gezek 21:10-da.