Dünýä awiapudagy pandemiýadan öňki durkuna dolanýar

8 Iýun 2023
1265

Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy raýat awiasiýasynyň ýagdaýy barada çaklamany täzeledi. Hünärmenleriň bu ugurdaky maglumatlary oňat. Sebäbi ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp geldi diýip, «Habar 24» ýazýar.

Çaklamalara görä, şu ýylyň ahyryna çenli ýolagçy gatnawynyň möçberi 4 milliarddan agar. Şeýle sanlary pudak diňe çäklendirmelerden we serhetleriň ýapylmagyndan öň, 2019-njy ýylda görüpdi.