Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde yglan edilýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň ýürek joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

6 Iýun 2023
866

Bäsleşigiň maksady

Berkarar döwletimiziň kuwwatly ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleri, ýaşlar hakdaky bimöçber işleri makalalaryň we şygyrlaryň üsti bilen açyp görkezmek, wasp etmek boýunça döredijilik başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Bäsleşige dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar, şol sanda döredijilik işgärleri, şeýle-de talyplar gatnaşyp bilýär.

«Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler 38-61-31, 38-61-49.