ZEHINLI ÝAŞLARY SYLAGLAMAK DABARASY

1 Iýun 2023
752

Balkan welaýatyna döredijilik sapary bilen utgaşdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hemde «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, şeýle-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» we «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi.Ýeňijileri sylaglamak dabarasy halypa ýazyjy-şahyrlardan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat toparyň ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Magtymguly etraplaryna döredijilik sapary bilen utgaşdyryldy. Munuň özi ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde, bu ugurda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde, şeýle-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan mukaddes topragynda onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmakda örän uly ähmiýeteeýe boldy.

Aýmyrat PIRJIKOW,
žurnalist.