Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 24 — 25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergini geçirýär

17 Maý 2023
606

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty: 24—25-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
92-35-10, 92-23-59, 92-04-24.