«Dostluk kerweni» awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistanda boldular

2 Maý 2023
1351

«Dostluk kerweni» ady bilen geçirilýän halkara awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistana gelip gördüler. Bu barada «МИР 24» teleýaýlymy habar berdi.

27-nji aprelde altynjy halkara «Dostluk kerweni» awtoulag ýörişine gatnaşyjylar Türkmenistana Lebap welaýatynyň çäginden girdiler. Farap ýol gözegçilik nokadynda ýörişe gatnaşyjylar Aşgabat tarap ugramazdan ozal, ýurduň resmi adamlary bilen duşuşdylar. Ýörişe gatnaşyjy topar 80 adamdan ybarat bolup, olaryň arasynda ýol hünärmenleri we döredijilik adamlary bar.