Hytaý Halk Respublikasyna syýahat etmegi meýilleşdirýän ýolagçylar üçin habar berýäris!

5 Aprel 2023
883

Öň habar berşimiz ýal, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2023-nji ýylyň mart aýynyň 19-dan başlap, Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady.

Täze gatnawyň ýola goýlandygyny göz öňünde tutup, Hytaý Halk Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýän ähli ýolagçylaryň ýanynda 48 sagatdan köp bolmadyk möhletli negatiw PCR testi we agyz-burun örtüginiň (maskanyň) bolmalydygyny, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Migrasiýa gullugyna pasport barlagyna barmazdan ozal, “Wechat” programmasynda ýa-da https://htdecl.chinaport.gov.cn saýt salgysyna girip doldurylan Saglyk Deklarasiýasynyň (Health Declaration) netijesinde ýolagçynyň şahsy QR kody bolmaly. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilýär.