"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

100 ýaşdan geçenleriň sany artýar

Ýa­po­ni­ýa­da 100 ýa­şyn­dan ge­çen adam­la­ryň sa­ny 95 müň­den ge­çip, re­kord de­re­jä ýet­di. Bir asyr­dan köp ýa­şan­la­ryň 90 gö­te­ri­me go­la­ýy ze­nan­lar. Ýa­po­ni­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da 83 müň 958 ze­nan, 11 müň 161 er­kek – je­mi 95 müň 119 adam ýüz ýa-da on­dan hem köp ýa­şap­dyr. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 2 müň 980 adam köp­dür. Go­laý­da bol­sa, ýurt­da­ky 65 ýaş­dan ýo­ka­ry ila­tyň sa­ny­nyň 36 mil­li­on 25 müň adam bo­lup, re­kord de­re­jä ýe­ten­di­gi mä­lim edi­lip­di. Bu gör­ke­zi­ji ýur­duň ila­ty­nyň 29,3 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ýur­duň ila­ty soň­ky bir ýyl­da 595 müň adam aza­lyp, 124 mil­lio­na dü­şüp­dir. Ba­har AÝ­DOG­DY­ÝE­WA,

Elekt­rou­lag­la­ryň sa­ny ben­zinli ulagdan öňe geç­di

Baý ne­bit-gaz ýa­tak­la­ry­na eýe bo­lan Nor­we­gi­ýa­da elekt­rou­lag­lar üçin uly ýe­ňil­lik­ler be­ril­ýär. Şol se­bäp­li bu ýurt dün­ýä­de ilat sa­ny­na gö­rä iň köp elekt­rou­lag sa­tyl­ýan ýurt ha­sap­lan­ýar. Ýurt­da bu ugur­da tä­ze sep­gi­de ýe­til­di. Nor­we­gi­ýa­nyň ýol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (OFV) mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da­ky 2,8 mil­li­on hu­su­sy aw­tou­la­gyň 754 müň 303-si do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy, 753 müň 905-si ben­zin ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýär. Şeý­le­lik­de, ýur­duň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek elekt­rou­lag­la­ryň sa­ny ben­zin bi­len iş­le­ýän­ler­den öňe ge­çip­dir.

Mars daşy «EXPO 2025» sergisinde görkeziler

2000-nji ýyl­da ýa­pon alym­la­ry ta­ra­pyn­dan An­tark­ti­ka­dan ta­py­lan daş bö­le­gi «EX­PO 2025» ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler. Ýur­duň Yk­dy­sa­dy­ýet we se­na­gat mi­nistr­li­gi ser­gi­niň te­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da kos­mo­syň we ýa­şaý­şyň ge­lip çy­ky­şy­ny öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän stend gu­rul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu stend­de Ýa­po­ni­ýa­nyň Mil­li pol­ýus bar­lag­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň (NIPR) ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan An­tark­ti­ka­dan ta­py­lan, Mars­dan ge­len­di­gi anyk­la­nan daş hem gör­ke­zi­ler. Da­şyň ag­ra­my 13 ki­log­ra­ma, öl­çe­gi 29x22x16 san­ti­met­re ba­ra­bar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bu da­şyň dü­zü­min­de suw bi­len tä­sir­leş­me ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len mi­ne­ral mad­da­lar ta­pyl­dy. Mun­dan baş­ga-da, ser­gi­de 2020-nji ýyl­da «Haya­bu­sa 2» kos­mos gä­mi­si ar­ka­ly Rýu­gu as­te­roi­din­den ge­ti­ri­len top­ra­gyň köp­çü­li­ge gör­ke­zil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bä­gül BA­BA­ÝE­WA,

10 müň dollar baha kesildi, 1,4 million dollara satyldy

ABŞ-nyň Men şta­tyn­da­ky hu­su­sy ja­ýyň üçe­gin­den ta­py­lan kar­ti­na auk­si­on ar­ka­ly 1,4 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Su­ra­tyň XVII asyr­da çeki­len­di­gi anyk­lan­dy. Bi­ler­men­ler ese­riň ni­der­land­ly su­rat­keş Remb­rand­ta de­giş­li­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Auk­si­on öýi ese­ri sa­tu­wa çy­ka­ran­da oňa 10-15 müň dol­lar ba­ha kes­di. Bu bol­sa, is­len­dik meş­hur su­rat­ke­şiň ese­ri­niň baş­ga bi­ri ta­ra­pyn­dan meň­zeş ýa-da şo­ňa öý­kü­ni­lip dö­re­di­len nus­ga­sy­dy­gy­ny, onuň ha­ky­ky ese­ri däl­di­gi­ni aň­lad­ýar. Auk­si­on açy­lan wag­ty 32 müň 500 dol­lar­dan baş­lan tek­lip, 1 mil­li­on 400 müň dol­la­ra çyk­dy.

Mahabatdan alýan girdejisi artdy

In­ter­net sa­hy­pa­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat taý­ýar­la­ýan «Sta­tis­ta» «Go­og­le»-yň gir­de­ji­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ýaý­rat­dy. Mag­lu­ma­ta gö­rä, 2001-nji ýyl­da «Go­og­le» ma­ha­bat­dan 70 mil­li­on dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. 22 ýyl­dan soň­ra bu gör­ke­zi­ji 237 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň ma­ha­bat gir­de­ji­si­niň 68 gö­te­ri­mi­ni ABŞ-dan baş­ga ýurt­lar­dan al­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. «Go­og­le» beý­le­ki göz­leg saýt­la­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 90,4 gö­te­rim ba­zar nyr­hy bi­len bi­rin­ji ýer­de dur­ýar. Kom­pa­ni­ýa ge­çen ýyl ABŞ-da 76 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Pan­de­mi­ýa­nyň öň ýa­nyn­da in­ter­net ägir­di­niň umu­my gir­de­ji­si gör­ne­tin ar­typ­dyr. 2020-nji ýyl­da 181 mil­liard dol­lar gir­de­ji toplan kom­pa­ni­ýa 2021-nji ýyl­da 256 mil­liard dol­lar ga­za­nyp­dyr.

Hu­su­sy pu­da­gyň il­kin­ji kos­mos «ýö­ri­şi»

Kos­mos be­ke­din­de ýa-da gä­mi­sin­de iş alyp bar­ýan kos­mo­nawt­la­ryň dür­li se­bäp­ler bi­len açyk as­ma­na çyk­mak­la­ry­na «kos­mos ýö­ri­şi» di­ýil­ýär. Go­laý­da hu­su­sy eýe­çi­li­ge de­giş­li kos­mos gä­mi­sin­de il­kin­ji kos­mos «ýö­ri­şi» ama­la aşy­ryl­dy. «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Po­la­ris Dawn» at­ly mis­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de 4 adam Ýe­riň or­bi­ta­sy­na çy­ka­ryl­dy. Bu mis­si­ýa­ny ame­ri­kan işe­wü­ri, mil­li­ar­der Ja­red Aý­zek­man ma­li­ýe­leş­dir­di. 10-njy sent­ýabr­da işe­wü­riň ýa­ny bi­len uçar­man Skott Po­tit, «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri An­na Me­non bi­len Sa­ra Gil­lis hem kos­mo­sa git­di. Bu to­par «Dra­gon» kos­mos gä­mi­si bi­len 732 ki­lo­metr be­lent­li­ge çyk­dy­lar. Kos­mos­da 5 gü­ne go­laý bo­lan ast­ro­nawt­lar dür­li tej­ri­be­le­ri ge­çir­di­ler. Sy­ýa­ha­tyň do­wa­myn­da il­ki Aý­zek­man, soň­ra Gil­lis kos­mos gä­mi­si­niň da­şy­na çyk­dy­lar. Sel­bi ÖWL­ÝÄ­GU­LY­ÝE­WA,

Ar­ka­dag şäheri dün­ýä ýaň sa­lýar

Türk­men hal­ky ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­ny ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. Soň­ky ýyl­la­ryn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň bin­ýa­dy­ny go­ýan be­ýik iş­le­ri­ni Ber­ka­rar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­läp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, «Kö­pet­da­gyň gö­zel kün­je­gin­de ak bi­na­la­ry lo­wur­dap du­ran şä­he­riň peý­da bol­ma­gy türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyzyň jöw­her paý­ha­sy­nyň gud­ra­ty­dyr». Ine, şu gün­ki gün­de se­bi­tiň il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­ri bo­lan Arkadag şä­he­ri­niň at-owa­za­sy dün­ýä dol­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni go­laý­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­rum­da Arkadag şä­he­ri­ne ber­len baý­rak­lar­dan hem gör­mek bo­lar.

Mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň aý­dyň ýo­ly

«Ga­raş­syz­lyk bi­ziň şöh­rat­ly geç­mi­şi­miz­dir, bag­ty­ýar şu gü­nü­miz­dir, be­ýik gel­je­gi­miz­dir. Ga­raş­syz­lyk bi­ziň dün­ýä do­lan be­lent at-ab­ra­ýy­myz­dyr hem-de şan-şöh­ra­ty­myz­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pä­him-paý­has­ly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz be­dew ba­dy bi­len ösü­şiň tä­ze be­lent bas­gan­çak­la­ry­na ta­rap bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz­ly­gyň ga­za­nan­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak bi­len, tu­tum­ly iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan hoş­ni­ýet­li we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de hal­ka­ra ab­ra­ýy be­len­de gal­ýar. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de alyp bar­ýan yn­san­per­wer iş­le­ri­niň yk­rar­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Al­tyn güý­züň il­kin­ji aýyn­da be­ýik döw­rü­mi­ze şan ber­jek ta­ry­hy wa­ka­lar bi­ri-bi­ri­ne ut­gaş­ýar. Ola­ryň ara­syn­da mu­kad­des Garaşsyzlygymyzyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­

Ga­raş­syz­lyk – ba­ky bag­ty­myz

San­ly­ja gün­ler­den ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de uly ru­hu­be­lent­lik bi­len toý­la­nyl­jak mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­na mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da hem ulu­dan taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp keş­bin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hal­ky­my­za peş­geş be­ren bag­ty­ýar­ly­gy aý­dyň şöh­le­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ro­waç­lan­ýan ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz döw­rüň kä­mil bi­na­gär­lik sun­ga­ty­na öw­rül­di. Üs­tün­lik­le­re we ro­waç­lyk­la­ra bes­le­nip do­wam ed­ýän «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly se­ne­le­re, toý­dur baý­ram­la­ra, ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra ulaş­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, şu gün­ler ag­zy­bir hem-de zäh­met­sö­ýer hal­ky­myz ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar­bo­ýy eden ar­zu­wy­nyň ha­syl bo­lup, mil­li se­ne­na­ma­myz­da mü­di­mi­lik orun alan Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my äh­li ra­ýat­la­ry­my­zyň k

Eser şekilli eserler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şekillendiriş sungaty has ösýär we täze öwüşginler bilen baýlaşýar. Halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmakda, medeniýeti we sungaty ösdürmekde taryhda yz galdyran şahsyýetlerimize aýratyn sarpa goýulýar. Köp ýyllaryň dowamynda sungatda taplanyp, ussatlyga ýetenleriň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XX ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Işanguly Işangulyýewiň eserleri çylşyrymly tapmaça ýaly, göçme manyly pikirleri özünde jemleýär. Suratkeşiň her bir eseriniň öz owazy, öz reňki, gahrymanlarynyň öz häsiýeti, taryhy ýerleriň öz manysy bar. «Togrul beg», «Mälik şa», «Baýram han», «Awçy», «Gorgan baba», «Köne gala», «Kutup minar», «Şapak», «Güýç we kuwwat», «Düýş», «Owaz», «Üç gelin» atly eserleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen sergilerde halk köpçüligine ýetirilýär we uly hormata mynasyp bolýar. Suratkeşiň işleri Türkiýäniň, Hindistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň şahsy ýygyndylaryna girizildi.

Pyýadalara maslahat

Döwletimiz tarapyndan köçeýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda geçirilýän bir aýlyk çäreler ilatymyzyň rahat, asuda ýaşamagy, saglygyny goramagy üçin ähmiýetlidir. Ýörite düzülen meýilnamalar esasynda biz lukmanlar hem çagalar baglarynda, mekdeplerde, kärhanalarda bolup, ýol hereketiniň kadalaryny düşündirýäris, söhbetdeşlikler geçirýäris. Ýol hereketiniň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmek diňe sürüjä degişli däldir. Pyýada ýolagçylar hem köçede örän ünsli bolmaly.

Ýaş gözegçiler bäsleşdiler

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan gözbaş alyp, indi asylly däbe öwrülen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň süňňündäki çäreler toplumy hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň aýdyşy ýaly, döwletimiziň adam hakyndaky aladalarynyň aýdyň netijeleriniň biridir. Milli Liderimiz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bu ulgamyň iň iri düzüm bölegi bolup durýar. Bu gullugyň işiniň barşynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ähmiýetlidigi aýratyn bellenilmelidir. Onuň dowamynda ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işleriň aýdyň miwesidir» diýip, örän dogry belleýär.

Maliýe hukugy

Barha ösýän döwrümizde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmegi, halk hojalygynyň pudaklaryna täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maliýe babatda-da işjeňligi artdyrýar. Munuň özi halkyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyny hem zerurlyk hökmünde orta çykarýar. Şu nukdaýnazardan maliýe hukugy barada gysgaça düşünje bermegi makul bildik. Maliýe hukugy — bu döwlet maliýesiniň emele gelmegi, bölünişi we ulanylyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň jemidir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli taraplaryna, salgyt tölemekden başlap, döwlet hyzmatlaryny almak ýaly meselelere täsir edýär.  Maliýe hukugy döwlet edaralary, banklar we beýleki maliýe guramalary bilen aragatnaşykda öz hukuklaryny goramaga mümkinçilik berýär. 

Ot hakynda

Häzirki döwürde ylmyň ösmegi bilen, döwrebap tilsimat usullary arkaly önümçiliklerde, gurluşyklarda, durmuşymyzda täze önümleriň, serişdeleriň öndürilmegi barha artdyrylýar. Önümçilikde tebigydyr emeli gazlar, nebitdir nebit önümleri giňden ulanylýar.  Durmuşda ulanylýan himiýa serişdeleriniň düzüminde şeýle ýangyn howply  kömürturşy gazynyň bardygyny diňe çagalar däl, eýsem, ulular hem känbir göz öňüne getirip bilmeýärler. «Ot astynda bela galmaz» diýen atalar sözüniň çuň manysy bar. Çünki irki döwürlerde dürli ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almakda, ylmyň häzirki ösen döwründäki ýaly dürli-dürli zyýansyzlandyryjy serişdeleriň deregine, otdan we üzärlik tüssesinden giňden peýdalanypdyrlar. Hatda halk lukmançylygynda-da otdan peýdalanylyp, käbir keselleriň bejerilendigini mälim edýän taryhy çeşmelere gabat gelmek bolýar. Türkmenler adamyň düýşünde ot görmegini hem «Ot — oraz» diýip, gowulyga ýorupdyrlar. Bu atalar sözündäki «oraz» sözi «bagt» diýen manyny aňladypdyr. Ata-babalarymyz göze görner-görünmez belalaryň içinde aýratyn gorkulysy ot belasy, suw belasy, töhmet belasy diýip hasap edipdirler. Ot belasy haýwany-ynsany, ýagşyny-ýamany seljermän, küle

Garaşsyzlykdan galkynan Watan

Şeýle şygar bilen Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen bu çärä orta mekdepleriň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksadyna gönükdirilen bu çärede TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammedow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Şöhrat Söýungylyjow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Gülnahal Dädebaýewa, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Abdymyrat Ahmedow, 51-nji orta mekdebiň mugallymy Dünýä Gaýypgulyýewa, 57-nji orta mekdebiň mugallymy Annabeg Aýmakowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimizi jebisleşdirmek ugrunda tagalla edýän abraýly guramadygy, guramanyň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän köpsanly çärelere işjeň gatnaşýandygy, Watanymyzda ýaýbaňlaşdyrylan giň gerimli özgertmeleriň şaýady bolýandyklary barada aýratyn belläp geçdi

Dabara geçirildi

Golaýda maýor Şöhrat Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Gorag polklarynyň döredilen güni mynasybetli dabara geçirildi. Ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy we Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga berlen dabara şahsy düzümiň nyzamly ýörişi bilen dowam etdi. Soňra baýramçylyk mynasybetli harby gullukda tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň çäginde guralan sergi has-da täsirli boldy. Köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleri we gyzgalaňly sport ýaryşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Harby bölümiň orkestriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitler, ata Watanyň mukaddesligi, harby gullukçylaryň mertligi we edermenligi wasp edildi.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»

Wagyz – nesihat çäreleri geçirilýär Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»psuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyş edenler ýurdumyzda raýatlaryň, esasan hem, ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmegiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini, ýol hereketiniň kadalaryny dürs berjaý etmegiň ömrümiziň rahatlygyny, ýollarymyzyň abadanlygyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigi hakyndaky söhbet wagyz-nesihat çäresiniň esasy mowzugyna öwrüldi.

Kanunçylyk namalary düşündirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Milli parlamentimiz tarapyndan ýylyň dowamynda kabul edilen kanunçylyk namalary bolsa ýerlerde giňişleýin düşündirilýär. Şu maksat bilen geçirilýän duşuşyklara etrap prokuraturasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Olarda raýatlarymyzyň kanuny bähbitleri, hak-hukuklary babatyndaky sowallaryna doly düşündiriş berilýär. Etrap prokuraturasy tarapyndan şeýle işleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bosagada duran mejlisinden soň has giň gerimde ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. Çünki taryhy mejlisde kabul ediljek çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek we wagyz etmek gönüden-göni borjumyzdyr. Biz mundan beýläk hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen eziz Watanymyzyň asudalygyny goramak üçin gijämizi gündiz edip zähmet çekeris.

Netijeli duşuşyklar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiligi tarapyndan şu mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde, köçeleriň we ýollaryň degişli düzgünleri, ýörite geçelgeleriň ulanylmagy ýaly möhüm meseleler gozgalýar. Ýaş nesle ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy barada maglumat berilýär we ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjeleri artdyrmak üçin amaly okuwlar geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimde geçýär.

Möhüm meselä bagyşlanan maslahat

Ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan pagtany abat saklamak möhüm meseleleriň biridir. Bu işe biz hem işjeň gatnaşýarys. Müdirligimiziň ýangyn howpsuzlygy bölüminde guralan maslahat bu meselä bagyşlandy. Oňa welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlanan we guramaçylykly dowam edýän pagta ýygymynda, hasyly daşamakda, saklamakda hem-de gaýtadan işlemekde kuwwatly tehnikalaryň güýjünden giňden peýdalanylýar. Munuň özi işiň her bir pursadynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegi talap edýär. Maslahatda bölümimiziň hünärmenleri çykyş edip, gymmatly çig maly ýangyndan ygtybarly goramagyň ýollary, berjaý edilmeli kadalar barada giňden durup geçdiler. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň işgärleri, öz gezeginde, önümçilik bölümlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar soňra bölümimiziň ýangyn-tehniki merkezine gezelenç etdiler.