Ga­raş­syz­lyk – ba­ky bag­ty­myz

20 Sentýabr 2024
311

San­ly­ja gün­ler­den ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de uly ru­hu­be­lent­lik bi­len toý­la­nyl­jak mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­na mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da hem ulu­dan taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp keş­bin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hal­ky­my­za peş­geş be­ren bag­ty­ýar­ly­gy aý­dyň şöh­le­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ro­waç­lan­ýan ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz döw­rüň kä­mil bi­na­gär­lik sun­ga­ty­na öw­rül­di.

Üs­tün­lik­le­re we ro­waç­lyk­la­ra bes­le­nip do­wam ed­ýän «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly se­ne­le­re, toý­dur baý­ram­la­ra, ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra ulaş­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, şu gün­ler ag­zy­bir hem-de zäh­met­sö­ýer hal­ky­myz ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar­bo­ýy eden ar­zu­wy­nyň ha­syl bo­lup, mil­li se­ne­na­ma­myz­da mü­di­mi­lik orun alan Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my äh­li ra­ýat­la­ry­my­zyň kalp­la­ry­na eg­sil­mez buý­sanç, göz­le­ri­ne çäk­siz gu­wanç duý­gu­la­ry­ny çaý­ýar.