Täze ýyly kim nähili garşy alýar?!
Bosagada Täze ýyl. Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan baýramçylygy ýetip geldi. Bezelen arça, şatlykly ýüzler, birek-birege ýollanýan gutlag sözleri, aýdym-sazly dabaralar – bular Täze ýyla mahsus alamatlar bolup, her bir halk öz medeniýetine we däp-dessurlaryna görä Täze ýyly garşy alýar. Köp halk naz-nygmatdan doly saçak başynda maşgala bolup Täze ýyly garşylaýan bolsa, käbir halk baýramçylygy baş arçanyň ýanynda, howa menzilinde, deňiz kenarlarynda ýa-da seýilgählerde geçirýär. Gazetimiziň şu sanynda käbir halklaryň Täze ýyly garşy alşy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary ýerleşdirmegi makul bildik. Ýaponiýa. Ýaponlar Täze ýyly milli däp-dessurlaryna laýyklykda garşy alyp, 31-nji dekabrda köne tumaryny ybadathana eltip, täzesini alyp gaýdýarlar. Olar Täze ýylda satyn alan tumarynyň şowlulyk getirýändigine ynanýarlar. Ýaponlar Täze ýyl gijesi ybadathanada, köçede köpçülik bolup krewetkiden we işbilden taýýarla