Tä­ze ýy­ly kim nä­hi­li gar­şy al­ýar?!

2 gün öň
45

Bo­sa­ga­da Tä­ze ýyl. Hem­me­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şan baý­ram­çy­ly­gy ýe­tip gel­di. Be­ze­len ar­ça, şat­lyk­ly ýüz­ler, bi­rek-bi­re­ge ýol­lan­ýan gut­lag söz­le­ri, aý­dym-saz­ly da­ba­ra­lar – bu­lar Tä­ze ýy­la mah­sus ala­mat­lar bo­lup, her bir halk öz me­de­ni­ýe­ti­ne we däp-des­sur­la­ry­na gö­rä Tä­ze ýy­ly gar­şy al­ýar. Köp halk naz-nyg­mat­dan do­ly sa­çak ba­şyn­da maş­ga­la bo­lup Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­ýan bol­sa, kä­bir halk baý­ram­çy­ly­gy baş ar­ça­nyň ýa­nyn­da, ho­wa men­zi­lin­de, de­ňiz ke­nar­la­ryn­da ýa-da se­ýil­gäh­ler­de ge­çir­ýär. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da kä­bir halk­la­ryň Tä­ze ýy­ly gar­şy al­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry ýerleşdirmegi makul bildik.

Ýa­po­ni­ýa. Ýa­pon­lar Tä­ze ýy­ly mil­li däp-des­sur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gar­şy alyp, 31-nji de­kabr­da kö­ne tu­ma­ry­ny yba­dat­ha­na el­tip, tä­ze­si­ni alyp gaýd­ýar­lar. Olar Tä­ze ýyl­da sa­tyn alan tu­ma­ry­nyň şow­lu­lyk ge­tir­ýän­di­gi­ne ynan­ýar­lar. Ýa­pon­lar Tä­ze ýyl gi­je­si yba­dat­ha­na­da, kö­çe­de köp­çü­lik bo­lup kre­wet­ki­den we iş­bil­den taý­ýar­la­nan baý­ram­çy­lyk ta­gam­la­ry­ny iý­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, ýa­pon ze­nan­la­ry baý­ram­çy­lyk gi­je­sin­de «kö­ne ýyl» bi­len hoş­laş­mak we Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­mak üçin gar­pyz unun­dan taý­ýar­la­nan spa­get­ti gaý­na­dyp, içi­ne dür­li gök önüm­le­ri go­şup so­ba bi­şir­ýär­ler. Tä­ze ýyl­da so­ba bi­şir­mek dä­bi XVII asy­ra de­giş­li bo­lup, ýa­pon me­de­ni­ýe­tin­de goň­rum­tyl uzyn spa­get­ti ha­syl­ly­ly­gy we uzak öm­ri ala­mat­lan­dyr­ýar.