"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Dag şi­ri ala­ja­gap­laň

Ýy­lyň çar pas­lyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­za se­ýil-sy­ýa­ha­ta çyk­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň sa­ny art­ma­sa, eg­sil­me­ýär. Ola­ryň ara­syn­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­mek döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­my­zyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ra­ýat­lar bi­len suw çeş­me­le­ri­ni, te­bi­gy ýer­le­ri aras­sa sak­la­ma­gyň we gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze mi­ras goý­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da yzy­gi­der­li gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­ýär, so­wal-jo­gap al­şyl­ýar. Şun­da ola­ry has köp gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­la­ryň bi­ri-de dag­lar­da ýa­şa­ýan ýa­ba­ny haý­wan­lar, esa­san-da, ala­ja­gap­laň­lar bi­len bag­ly­dyr. Ala­ja­gap­laň — düý­bün­den ýi­tip bar­ýan gör­nüş, ol Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na, şeý­le hem Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň Gy­zyl sa­na­wy­na, Ýa­ba­ny haý­wan­lar we ösüm­lik­ler dün­ýä­si­niň ýok bol­mak how­py as­tyn­da­ky gör­nüş­le­ri­niň hal­ka­ra söw­da­sy ha­kyn­da­ky kon­wen­si­ýa­nyň (CITES) sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir. Ala­ja­gap

Şanly ýylyň şöhratly sahypalary

Her bir güni ösüş-özgerişlere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanly türgenleriň şu ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gazanan medallarynyň sanynyň ýylyň günlerinden köpdügi kalbymyzy buýsanja besleýär. Şöhratly ýeňişler bilen ildeşlerimiziň başyny göge ýetiren türgenlerimiziň halkara giňişlikde ýeten sepgitleri we guwandyryjy wakalar hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar Watanymyza bagtyýarlyk eçilen 2024-nji ýyl ajap eýýamymyzyň belent ruhuna kybap gelip, turuwbaşdan şatlykly wakalara beslendi. Türkmenistanly türgenler eýýäm ýylyň ilkinji günlerinde halkara ýaryşlardaky dürli öwüşginli medallary bilen begendirdiler. 4 – 7-nji ýanwar aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda Ýazmuhammet Aşyrmyradow bilen Myrat Ekäýew altyn medallary gazandy. 5 – 19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň s

Türgenleriň täze ýyl arzuwlary

Alp Arslan BEGENJOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby, erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijisi:

Köňül buýsanjymyz

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Şeýle bagtyýar günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby uly ilimize ajaýyp sowgat boldy. Bu nusgawy kitap türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini dünýä ýaýýar, ata-babalarymyzyň asylly däplerine çuňňur düşünmäge giň mümkinçilik döredýär. Kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çap edilmegi hem şöhratly taryhymyzyň dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebidir. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri islendik ýaşdaky adamlar üçin gymmatly gollanmadyr. Beýan edilýän çuňňur pikir, pelsepewi garaýyşlar kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejelere ýetirýär. Eseriň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem, Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan çeşmedir. Hut şunuň özi hem onuň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny, gollanmadygyny aýdyň görkezýär.

Sportuň we çeýeligiň ýyly

Her ýyl öz paý-nesibesi we ajaýyp wakalary bilen adamlaryň ykbalynda nurana ýatlamalary galdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem beýik söz ussady Magtymgulynyň döredijiligi, şan-şöhraty bilen birlikde, türkmen halkynyň abraýyny dünýä ýaýbaňlandyrdy. Nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkara gatnaşyklarynda dostlugyň, ykdysadyýetiň, ylmyň we bilimiň gülläp ösmegine badalga boldy. Däp bolşy ýaly, gadymyýetden bäri ata-babalarymyz hem Täze ýyly ýyldyznama ylmy esasynda häsiýetlendirip, ony ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylapdyrlar. Müçenama boýunça 2024-nji ýyl Luw ýyly bolup, ol täze 2025-nji ýyla – Ýylan ýylyna öz ornuny berýär. Gündogar senenamasy boýunça ýetip gelýän Ýylan ýyly häsiýeti boýunça daragt, reňki boýunça ýaşyl, sany boýunça dokuzlyk (2+0+2+5=9;), daşy boýunça zümerret hasaplanylýar. Çeşmelerde Ýylan ýylynda akyl-paýhas bilen ýerine ýetirilen her bir işiň ýol aljagy nygtalypdyr. Bu barada Omar Haýýam, Mahmyt Kaşgarly, Abdylkasym Töwrizi, Abu Reýhan Biruny özleriniň ajaýyp taryhy ýazgylaryny galdyrypdyr.

Agyr atletikaçylarymyzyň baýramçylyk sowgady

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 19 — 25-nji dekabr aralygynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda gazanan uly üstünligi ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Ýaryş 20 döwletden 237 türgeni bir ýere jemledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzatbek Matýakubow 102 kg agramda Aziýanyň çempiony bolmagy başardy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 396 kg (silterläp 177 kg – altyn, itekläp 219 kg–altyn) agyrlygy boýun egdirdi. Şahzatbekiň itekläp galdyran agramy hem-de umumy netijesi ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy.

Umumadamzat paýhasynyň şamçyragy

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy diňe bir Gündogaryň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň beýik, nusgawy şahyrlarynyň biri bolup, onuň döredijiligi dünýä halklaryny özüne çekýär. Şahyryň eserleri dürli dillerde ýaňlanyp, umumadamzat jemgyýeti tarapyndan höwes bilen diňlenilýär. Magtymguly milli düşünjäni, ruhy keşbiň aýratynlyklaryny çeper tärde ussatlyk bilen beýan edýän söz ussadydyr. Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýädäki ähli zatlary görkezip duran Jemşidiň jamyna deňelendigi biziň hemmämize mälimdir. Elbetde, munuň özi, ilkinji nobatda, şahyryň uly döredijilik ussatlygy bilen baglydyr. Şahyry umumadamzat şahyryna öwren zat onuň halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir. Magtymguly Pyragynyň baý döredijiliginde watançylyk, mertlik, dostluk-doganlyk, il-halka bolan söýgi, ahlaklylyk, ula hormat, kiçä sarpa goýmak ýaly garaýyşlar uly orun tutýar. Şahyr mydama Watan hakdaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Öz goşgularynyň üsti bilen ýaşlarda ata Watana, ene topraga bolan söýgini terbiýeläpdir, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürüp, agzybirligi, jebisligi, gaýduwsyzlygy ündäpdir. Watana bolan söýgi, buýsanç onuň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Pyragy: «Eşit, adam, dogan ilden, Gaýry mähriban ýurt bolmaz», «Gel, köňlü

Sportuň hem sungatyň sazlaşygy

­­Köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta döwlet derejesinde örän uly üns berilýän sagdyn jemgyýetli, sagdyn raýatly ýurtda ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylýandygy aýdyň hakykatdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýä ýüzünde şeýle ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun alýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri hökmünde täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çuň many-mazmunly taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiziň: «Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlary­nyň biridir» diýip, aýratyn nygtap geçmegi hem muny doly tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda bedenterbiýedir sport bilen meşgullanýan çagalaryň we ýaşlaryň sanynyň barha artýandygy guwandyryjydyr. Bu türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giň gerime eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp

Je­bis­li­giň hem aba­dan­çy­ly­gyň ýo­ly

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilen Watanymyzda ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň sagdynlygy ýurduň ösüşiniň wajyp şertidir. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak, ildeşlerimizi sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň netijesinde türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýärler.

Diller – dostluk köprüsi

Watansöýüji, ylym-bilimde ýüki ýetik, ösen aň-düşünjeli, beden hem ruhy taýdan kämil ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň güwäsidir. Şu maksatdan ugur alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem bu babatda möhüm ähmiýetlidir. Ýakynda Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde daşary ýurt dilleri hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde okuwçy-türgenler iňlis we rus dilleri boýunça bilim başarnyklaryny görkezdiler, şol halklaryň milli tagamlaryny taýýarladylar, milli medeniýetini tanyşdyrýan çykyşlary guradylar.

Futbol täzelikleri

Paýtagtymyzdaky «Sport toplumy» stadionynda geçirilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 30-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda «Altyn Asyr» «Ahaldan» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiş gazanan toparyň goluny duşuşygyň 21-nji minutynda Röwşengeldi Halmämmedow geçirdi. Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl wagtyndan öň çempion boldy. Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary çempionatyň dowamynda ýeke utuk hem ýitirmedi.

Ýe­ňiş­li ýol do­wam ed­ýär

­­«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandy. Ýokary ligadaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdi. Topar «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň ilkinji minutlarynda «Ahal» birnäçe hüjüm guramagy başardy. Öňde çykyş edýän Meýlis Diniýewiň, Magtymberdi Berenowyň hereketleri toparyň kapitany Elman Tagaýewiň oýny bilen sazlaşykly hüjüm guramaga mümkinçilik berdi. Bu ýagdaý 10 minut çemesi dowam etdi. Şondan soň oýnuň depgini birneme gowşady. Orta gürpde dowam eden duşuşykda ilkinji howply pursat 45-nji minutda döredi. Şikes alan Şamämmet Hydyrowyň ornuna meýdana giren Begmyrat Baýowyň çep gyradan jerime meýdançasyna geçiren topuna ilki ýetişen Begenç Akmämmedow hasaby açdy.

Il saglygy – ýurt baýlygy

Taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanyň immuno öňüni alyş boýunça 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak, Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek, Halkara sagaldyş dikeldiş merkezini, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekmegi döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygy hakynda edilýän bimöçber aladanyň beýany bolup dabaralandy. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Köpugurly hassahanasy, Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezi, Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Saglyk öýi we sport maksatly desgalaryň onlarçasy bar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelges

Concern for the youth

The Japanese edition of the book ‘Ýaşlar – Watanyň daýanjy’ by the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been published to provoke joy of the happy youth in our country. The President of Turkmenistan presented this literary work at the end of 2023. Over the past period, the book ‘Ýaşlar – Watanyň daýanjy’ has been published in several languages. To date, the publication of the wonderful work in the Japanese language gave an impetus to strengthening friendly and fruitful relations between the peoples of two countries.

Nobatdaky üstünlik

Ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryndan ybarat bolan toparlaryň ýurdumyzda guralýan ýaryşlarda gazanýan netijeleri her birimizi diýseň buýsandyrýar. Tälimçi-mugallymlarymyzyň elinde ykjam türgenleşýän deň-duşlarymyzyň yhlasynyň ýerine düşmegi bilen, institutymyzyň «Talyp sporty» topary köplenç birinjiligi elden bermeýär. Ýaňy-ýakynda basketbol boýunça oglanlar toparymyz Türkmenistanyň çempionatyndaky netijeli çykyşyny jemledi. Institutymyzda geçirilen dartgynly ýaryşda talyp deň-duşlarymyz çempion bolmagyň hötdesinden geldiler. Geçiren duşuşyklarynyň ählisini şowly jemlemegi «Talyp sportunyň» ýeňişli ýolunyň dowam edýändigini görkezdi.

Sagdyn durmuşyň gözbaşy

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň peýdalydygy hemmämize mälim hakykatdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ähmiýeti bilen baglanyşykly geçirilen köp sanly barlaglaryň netijeleri sportuň peýdaly häsiýetleri babatda täze hakykatlary ýüze çykarýar. Dürli ýurtlarda geçirilen barlaglaryň netijeleri köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň toparlaýyn görnüşleriniň uzak ýaşamak babatda has ähmiýetlidigini görkezýär. Şu pikirden ugur alynsa, tennis, badminton, woleýbol, futbol ýaly sport görnüşleri ylgawdan, suwda ýüzmekden has peýdalydyr. Hatda sagaldyş maşklaryny köpçülik bilen bilelikde ýerine ýetirýän adamlaryň bedenterbiýe bilen ýekelikde meşgullanýanlara garanyňda ortaça 1,5 ýyl töweregi uzak ýaşaýandygy ylmy tejribeler tarapyndan tassyklanandyr. Beýik Britaniýada talyplaryň arasynda geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, sportuň toparlaýyn görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň ruhy taýdan has sagdyn bolýandygy ýüze çykarylypdyr.

Ta­ryh­da şu gün

«Ullewi» stadionynda «Frelunda» hem-de «Ferýestad» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyga 31144 tomaşaçy gatnaşypdyr. Üsti açyk stadionda geçirilen hokkeý duşuşyklaryndaky mundan öňki rekord Şweýsariýada goýlupdy. 2007-nji ýylda «Bern» hem-de «Lugano» toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gelen tomaşaçylaryň sany 30076-a deň bolupdyr.

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Gökdepe etrabynyň bilim bölüminiň hem-de ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Okuwçylary aň-paýhas oýnuna höweslendirmekde uly ähmiýete eýe bolan ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede okuwçy gyzlaryň arasynda 14-nji orta mekdepden Gülşirin, Oguljan Annaýewalar 1-2-nji orunlary eýelediler. Ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepden Leýla Seýitmyradowa 3-nji orna mynasyp boldy. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Gurbanmyrat Döwletmyradow 1-nji orny eýelemegi başardy. 12-nji orta mekdepden Ýakup Bakyýew 2-nji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepden Seýitmuhammet Çarymyradow 3-nji orunlary eýelediler.

Türkmenistan — GDA: hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Şu jähetden, 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň GDA formatyndaky möhüm duşuşyklardyr maslahatlara yzygiderli gatnaşýandygyny, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýandygyny bellemelidiris. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Mejlisiň barşynda Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi aýratyn ýakymlydyr.

Ynsan saglygy — döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry

Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna baryp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşmagy munuň şeýledigine güwä geçýär.