Diller – dostluk köprüsi

1 gün öň
41

Watansöýüji, ylym-bilimde ýüki ýetik, ösen aň-düşünjeli, beden hem ruhy taýdan kämil ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň güwäsidir. Şu maksatdan ugur alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem bu babatda möhüm ähmiýetlidir.

Ýakynda Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde daşary ýurt dilleri hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde okuwçy-türgenler iňlis we rus dilleri boýunça bilim başarnyklaryny görkezdiler, şol halklaryň milli tagamlaryny taýýarladylar, milli medeniýetini tanyşdyrýan çykyşlary guradylar.

«Türkmen sporty».