"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine salamyny we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda guramanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigi bellenildi. Jenap Žan Todt 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça ýurdumyza gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde Milli Liderimiz bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, 2016-njy ýylda paýtagtymyzda guralan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana YHG-nyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Asad Majid Hana berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuwlap, YHG-nyň Sekretariatynyň ähli işgärlerine bolsa mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty 30-njy noýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär. Deputatlary bellige almak 30-njy noýabrda sagat 9:00-da başlanýar.

Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çäräniň esasy maksady sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdyr. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri, parlamentarileri Aşgabada geldiler. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzykl

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda üstünlikli geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen çuňňur mazmunly Gutlagyňyz hem-de forumyň ýokary derejede geçmegi ugrunda döreden giň mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Size «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de forumyň ýokary derejede geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrundaky başlangyçlaryňyzyň, ylmy diplomatiýada köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

“VISA” töleg tehnologiýasy: sanly geçişiň 30 ýyly

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Visa» töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly» atly halkara işewürlik forumy geçirildi. «Dünýä tejribesine laýyklykda bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar», «Maliýe innowasion tehnologiýalarynyň puluň dolanyşygyna täsiri», «Merkezi Aziýa banklarynyň «Visa» halkara töleg ulgamy bilen utgaşygy», «Visa» kompaniýasynyň tejribesine laýyklykda töwekgelçilikleriň öňüni almak we dolandyrmak» ýaly mowzuklar boýunça geçirilen mejlisleri öz içine alan forumda sebit döwletleriniň arasynda degişli ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu forum «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Onuň barşynda Türkmenistanyň «Halkbank» we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklaryna hyzmatdaşlyk üçin baýraklar berildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna bolsa «Visa International» kompaniýasy bilen 30 ýyl bäri hyzmatdaşlykda has tapawutlanandygy üçin baş baýrak gowşuryldy. Paýtagtymyza iş sapary bilen gelen daşary ýurtly myhmanlara özümizi gyzyklandyrýan

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegiň ýolunda

Düýn paýtagtymyzda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini tamamlady. Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda himiki tehnologiýalar, tebigy çig mallary gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalar, nanotehnologiýalar hem-de başga-da birnäçe ugurlar boýunça wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň senagat-innowasion taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi, häzirki zamanyň ylmy-tehniki işläp taýýarlamalarynyň, täze tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy sanly ykdysadyýetiň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde täzeçil tehnologiýalary özleşdirmek boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy ylmy ojaklary bilen tejribe alyşmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Aşgabat ulag forumy: özara arabaglanyşygy pugtalandyryp, durnukly geljege tarap

Baş ýörelge — ynsanperwerlik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi örän çuň mana eýe. Jemgyýetiň ilkinji basgançagynyň we iň kiçi gurluşynyň maşgaladan başlanýandygy hemmelere mälim. Şonuň ýaly-da, döwletliligiň, döwlet gurluşynyň hem ilkinji basgançagy maşgaladan başlanýar. Maşgala döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy emele getirýär. Döwlet düşünjesi jemgyýet düşünjesinden has uly bolup, onuň esasyny ençeme iri we ownuk jemgyýetler düzýär. Şu ýerde ýene bir zady — döwletiň iň uly gymmatlygynyň adamdygyny aýratyn nygtamak gerek. Çünki döwlet hem, jemgyýet hem adam üçin hereket edýär. Dünýä meşhur fizik Albert Eýnşteýn: «Adam durmuşyň manysyna diňe özüni jemgyýete bagyş edende düşünýär» diýýär. Alym bu jümle arkaly alymlaryň hem täze ylmy açyşlary bilen jemgyýet üçin sahawatly we ynsanperwer iş edýändiklerini nygtaýar. Adamlar birek-birege meýletin goldaw berende, ynsanperwerlik kömegini edende, ylym, medeniýet we sungat hem, parahat durmuş hem gülleýär. Diýmek, jemgyýet bolmagyň aňyrsynda-da halk, döwlet bolmagyň aňyrsynda ýatan agzybirlik, dost-doganlyk, ynam ýaly mizemez düşünjeler bar. Bulary agzamak bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgy

Abatlaýyş işleri geçirilýär

Baýramaly şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini geçirip, olary gözel görke getirmekde Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Baýramaly şäher Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işçi-hünärmenleri agzybirlikde netijeli zähmet çekýärler. Müdirlik tarapyndan şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň 710-syna, öýleriň 6 müňden gowragyna hyzmat edilýär. Olar häzirki wagtda şäheriň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda bejeriş-abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Bulardan başga-da, şäheri arassa saklamak maksady bilen, lagym ulgamynyň işini-de talabalaýyk ýola goýdular. Müdirligiň hünärmenleri özlerine ynanylan her bir işi aýny wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu babatda olar dürli kysymly 13 sany kuwwatly awtoulagyň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýeleri Çary Esenow, Çary Orazmämmedow ýaly tejribeli işgärleriň yhlasly zähmeti esasynda işler barha ilerleýär. Şu ýylyň on aýynda müdirlik boýunça meýilnama laýyklykda 3 million 78 müň manatlyk iş amal edildi.

Bagt ojagy

Türkmen halkynyň «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen iň arzyly arzuwlarynyň birinde onuň dünýägaraýşy, durmuş pelsepesi açylýar. Magtymguly Pyragynyň: «Her gün gursaň uly toýny,//Gitse ýürekleriň düwni» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň at çapyşykly, göreşli, bagşyly toýlary, olarda ýerine ýetirilýän toý däp-dessurlary ruhy medeniýetimiziň köpöwüşginliligini dünýä ýaýýar. Türkmen toýlary ruhubelentligiň, şahandazlygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Şeýle dabaraly toýlarymyzyň esasylarynyň biri hem durmuş toýudyr. Ýaşlaryň iň ajaýyp günleriniň, durmuş toýlarynyň şaýady bolmak bagtyna eýe bolan Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň işgärleri-de her ädimde döwrümiziň toý ruhundan, joşgunyndan ylham alýarlar. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň görküne görk goşýan «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Ol dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzynyň içinde Ýer togalagynyň dünýädäki iň uly binagärlik görnüşi hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizil

Gyzylbaýryň zeýtunlary

Halkymyzy ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň golaýyndaky mes toprakly ýaýladan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, zeýtun baglaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan telekeçi Ymamberdi Jepbarowyň alyp barýan asylly işleri hem döwrebaplygy, netijeliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki günlerde bolsa bu ýerdäki bagçylyk bölüminde agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilip ýetişdirilen, tagamy we ýokumlylygy babatda esasy miweleriň hatarynda durýan zeýtunyň bol hasyly ýygnalyp, ony sebitiň ak bazarlaryna elýeterli bahadan çykarmakda depginli işler alnyp barylýar. Her bir işi ýaşaýan ýaýlasynyň toprak-howa şertlerine görä, düýpli ylmy esasda hem-de öňdebaryjy tejribeleri içgin öwrenip alyp barmagy, beýleki ekinler bilen birlikde, miweli baglary ösdürip ýetişdirmegi maksat edinen telekeçi Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda «Gyzylbaýyr göwnüň açar...» diýlip wasp edilen bu jenneti künjekdäki zeýtun baglaryndan bol hasyl almagy başarýar. Işbaşarjaň telekeçiniň subtropik künjekdäki miweli baglarynyň tutýan meýdany 9 gektara barabardyr. Şonça

Geçmişden janly ýadygär

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, asyrlar aşyp, şu günlerimize gelip ýeten batyrgaý alabaý itleri türkmen halysy, ahalteke bedewleri bilen deň hatarda halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň mysalydyr. Şundan görnüşi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşyndaky orny uludyr. Üstünden nijeme heňňamlar geçse-de, mizemän saklanan taryhyň küt-küt sahypalary türkmen alabaýlary hakda buýsandyryjy maglumatlary habar berýär. Bu hakda iň gadymy ýazgylar Marguş topragynda dörän otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby «Awestada» beýanyny tapypdyr. Kitabyň «Widewdat» bölüminiň «It» babynda itleriň adamzat üçin gününi uklaman geçirýän, ýiti, ötgür dişli, dünýäni goramak üçin döredilen jandardygy aýdylýar.

Döredijilik duşuşygy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň guramagynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, ussat kompozitor Rejep Rejebowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Rejep Rejebow türkmen professional saz sungatyny ösdürmekde uly işleri bitirdi. Onuň eserleri diňe ýurdumyzda däl, daşary döwletlerde hem giňden tanalýar. Ol dürli žanrlarda eserleri döretdi: operalar, hor we kamera-instrumental eserleri, kino sazlary, romanslar, kantatalar, aýdymlar... Kompozitoryň fortepiano üçin kwinteti, kirişli saz gurallar üçin konserti, wiolonçel üçin sonatasy, goboý we orkestr üçin konserti, şeýle-de beýleki ençeme eserleri uly meşhurlyga eýe boldy. Ussat kompozitoryň döredijiliginiň uly bir bölegini kinofilmlere ýazylan sazlar eýeleýär. Ol 60-dan gowrak çeper filme saz ýazdy. Olaryň arasynda “Jemalyň daragty”, “Mährem çynar”, “Aýal ata çykanda”, “Yşkyň ýoly” ýaly ajaýyp filmler bar.

Pikir we tejribe alşyldy

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Umumybilim maksatnamalary boýunça mekdep okuwçylarynyň bilim başarnyklaryna bildirilýän halkara talaplaryň we milli ýörelgeleriň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan maslahata öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, asylly däbe eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýup, ilhalar ynsany hatyraladylar, mekdep muzeýine aýlanyp gördüler, ýörite guralan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Bilim ojagynyň mejlisler jaýynda dowam eden usuly-amaly maslahatda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere aýratyn üns çekildi. Onda çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, täzeçillige daýanýan özgertmeleriň rowaçlanmagynda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Döwri döwranly Diýar

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. 4 — 6-njy dekabr aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Täze ýyl baýramyny garşylamaga görülýän taýýarlyk, «Merdana nesil — 2024», «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Döredijilik — döwletlilik

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda degişli ýolbaşçylar häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň, Halk Maslahatynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde milli kanunçylyk ulgamynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hyzmatdaşlyk ilerledilýär

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdiler.

Doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.