Abatlaýyş işleri geçirilýär

28 Noýabr 2024
207

Baýramaly şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini geçirip, olary gözel görke getirmekde Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Baýramaly şäher Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işçi-hünärmenleri agzybirlikde netijeli zähmet çekýärler. Müdirlik tarapyndan şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň 710-syna, öýleriň 6 müňden gowragyna hyzmat edilýär. Olar häzirki wagtda şäheriň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda bejeriş-abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Bulardan başga-da, şäheri arassa saklamak maksady bilen, lagym ulgamynyň işini-de talabalaýyk ýola goýdular.

Müdirligiň hünärmenleri özlerine ynanylan her bir işi aýny wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu babatda olar dürli kysymly 13 sany kuwwatly awtoulagyň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýeleri Çary Esenow, Çary Orazmämmedow ýaly tejribeli işgärleriň yhlasly zähmeti esasynda işler barha ilerleýär. Şu ýylyň on aýynda müdirlik boýunça meýilnama laýyklykda 3 million 78 müň manatlyk iş amal edildi.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).