Kim nähili sowgat almak isleýär?
«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Täze ýylyň ýakynlamagy bilen hemmeler uly baýramçylyga taýýarlyk görüp, özleriniň goşantlaryny goşmaga, birek-biregi begendirmek üçin sowgat bermäge başlaýarlar. Täze ýylyň lezzetini her kim dürliçe duýýar. Mysal üçin, biri gyşyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, ýagan ilkinji garda oýun oýnamak isleýär. Sebäbi ol gyşyň lezzetini akja garlarda görýär. Käbir adamlar bolsa, hususan-da, çagalar täze ýylda Aýazbabanyň agşamyna tüsse çykardan ýa-da aýnadan jady esasynda girip baýramçylyk arçasynyň aşagynda arzuw edip ýazan hatyndaky sowgatlary goýup gider diýip umyt edýär. Geliň, bu gezek biz siziň bilen täze ýyl sowgady hakynda gürrüň edeliň.