Maldarçylykda jogapkärli möwsüm

16 Mart 2021
1377

Ak bugdaý etrabynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelern köşek almak boýunça jogapkärli möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Mukads Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek ýylynda etrap boýunça dowarlardan sagdyn owlak-guzularyň 48 müň 710-syny, düýelern köşegiň 1 müň 528-sini almak meýilleşdirilýär. Häzirki güne çenli alnan owlak-guzularyň we köşegiň sany maldarlaryň bu möwsümi ýokary görkezijiler bilen jemlejekdigine ynamy artdyrýar.

Jogapkärli möwsüm etrabyň aýry-aýry hojalyklarynyň çöl merdanalarynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Etrabyň Magtymguly adyndaky, «Gäwers», «Ýalkym», «Ýerbent» daýhan birleşikleriniň maldarlary babatynda şeýle diýmek bolar. Agzalan hojalyklaryň maldarlarynyň dowarlardan owlak-guzy, düýelern köşek almak boýunça meýilnamalaryna höt geljek günleri uzakda däl. Ýeri gelen, maldarçylykdaky möhüm möwsümiň dowam edýän häzirki günlerin Türkmenistanyň Kärşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleriniň hem çopan goşunda bolup, çopan-çoluklaryň armasyny ýetirýändigini bellemek gerek.