Gezsem, dünýäni görsem

15 Mart 2021
2975

Görki täsin Aşgabat

Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde, ýagny 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedördül metriniň düşýändigi bilen 2013-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň birnäçe binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Bu bolsa, merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy. Paýtagtymyzda gurulýan binalar biri-birinden özboluşlylygy, ajaýyp binagärligi bilen tapawutlanýar. Aşgabat häzirki wagtda sportuň iň ösen şäherleriniň birine öwrüldi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Çaryguly HANJAÝEW,
«Aşgabat».