Bitaraplyk we parahatçylyk — Türkmenistanyň dünýäde baky oňlanýan teklibi

4 Fewral 2021
1990

Halkara habar beriş jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň XXI asyryň 21-nji ýylyny dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürýän taryhy ähmiýetli wakalara besleýändigi barada dürli žanrdaky täsirli çykyşlary berýärler. Munuň sebäbi bolsa döwrüň ýüze çykarýan hakykatlary bilen bagly.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz turuwbaşdan halkara derejeli wakalara beslendi. Wakalaryň bütin dünýäde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmeginiň ähmiýetini artdyrýan mazmun bilen beslenmegi, şeýle çykyşlaryň dünýä dolmagynyň sebäpleri hökmünde beýan edilýär.

Maksat Nuryýew,
«Adalat».