Belent maksatly türgen

29 Ýanwar 2021
2303

Durmuş kitabyny ýatdan bilýän dana pederlerimiz «Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz», «Ýykylan göreşden doýmaz» diýen ýaly nakyllary miras goýupdyrlar. Danalaryň parasatly pähimlerine eýerýän ildeşimiz Şatlyk Rahmanow diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da gollary berdaşly, güýçli pälwan hökmünde tanalýar. Ol indi 15 ýyldan gowrak wagt bäri sportuň pauerlifting görnüşi bilen meşgullanyp, türkmen sportunyň abraýyny arşa galdyryp gelýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetinde kätip bolup işleýän Şatlyk Rahmanowyň ady sportuň pauerlifting görnüşi boýunça ussat pälwan hökmünde sport janköýerlerine giňden mälimdir. Gollary berdaşly türgen ata-babalarymyzyň “Giden getirer...” diýişleri ýaly, ýurdumyzda we onuň çäklerinden alyslarda geçirilýän halkara, Aziýa we dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, hemişe baýrakly orunlara mynasyp bolup, ata Watana ýeňiş bilen dolanyp gelýär. Ýeri gelende ýatlasak, Şatlyk sportuň pauerlifting görnüşi boýunça ýurdumyzyň 14 gezek çempiony boldy. Ol soňky sapar, geçen 2020-nji ýylda (7 — 11-nji iýul aralygynda) Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda Daşoguz şäherinde sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşdy. Şol çempionatda 120 kilogramdan ýokary agram derejede çykyş eden Şatlyk umumy hasapda 355 kilogram netijäni görkezip, nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Üstesine-de, milli rekordy täzeledi.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.