Ussatlar unudylmaýar

25 Ýanwar 2021
1686

Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň her obada, ilde sulhy alyşýan dostlary bolupdyr. Halypa bagşy aýdym-saza düşünýän, oňa hormat goýýan adamlar bilen gatnaşyk eder eken. Bilbil owazly bagşy hökmünde tanalan Çuwal halypanyň gadymy Köneürgenç sebitleriniň üstünden ýoly düşäýse, ol hökman kakam Kakabaý Nuryýew bilen didarlaşyp, bir gije myhman bolup, dem-dynç alyp geçer eken. Şonda kä halatlar toý-meýlislerde onuň ýanynda ogly Jumaguly Magtymgulyýew gyjakda sazandarlyk eder eken. Häzirki ýaly, ol döwürlerde-de welaýatymyzda atly, eli saza ýüwrük gyjakçy sazandalar köp bolupdyr. Ýöne halypa bagşy aýdym aýdanda Sapar Bekiden özge sazandany göz öňüne getirmändir. Şeýle-de bolsa, kä ýarym toý-tomaşalarda halypa bagşy söwer ogly, ussat sazanda Jumagula-da ýanynda gyjak çaldyrypdyr.

Gyjakçy Jumaguly Magtymgulyýew saz guralynyň sapyna bilbil gondurýanlardandy. Onuň eline dutar ber, hala gyjak ber, asla saz gural dannamasy bolmazdy. Eline düşen saz guralyny saýradardy. Jumaguly halypanyň welaýatymyzyň halypa bagşylarynyň ýanynda köp gezekler gyjakda sazandarlyk edeni häli-häzire çenli ýadymda galypdyr. Onuň agyr göwresi bardy, ýüzi agrasdy. Emma keýpi kök çaglary gyzykly gürrüňleri tapyp, märekäni gyzyl-gyran gülüşdirerdi. Ol degişgen adamdy. Saz çalanda oturan märekäni ýüpsüz daňardy. Ylaýta-da, bagşy «kowmaga» gezek gelende onuň öňüne geçjek ýokdy. Tutumly toýlarda men oňa köp gabat gelipdim.

Gurbannazar KAKABAÝEW,
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, sazanda.