Nusgalyk ömür

24 Ýanwar 2021
1693

Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasynda ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky mirashanada halkymyzyň baý milli mirasyna, şöhratly taryhyna degişli gymmatlyklaryň ýüzlerçesi saklanýar. Bu ýerde guralýan çärelere harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalaryň, zähmet toparlarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri, dürli kärde işleýän ýaşlar we mekdep okuwçylary uly höwes bilen gatnaşýarlar. Mirashananyň işgärleri 2012-nji ýylyň 12-nji awgustynda bu ýerde bolup geçen şatlykly wakany buýsanç bilen ýatlaýarlar. Şol gün halypa mugallym, ilhalar ynsan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň gurduran mekdebiniň mirashana öwürmek dabarasy bolup geçdi. Bu mekdepde 52 ýyllap çagalara bilim-terbiýe berlipdir. Mekdebiň mirashana öwrülmegi oba ýaşaýjylarynda uly buýsanç döretdi.

Ýeri gelende, mirashananyň hormatly Prezidentimiziň: «Mekdebiň ýanynda obanyň taryhy bilen baglanyşykly muzeý döretmek, oba we onuň ýaşaýjylary baradaky maglumatlary ýygnamak, olary synpdan daşary, ülkäni öwreniş sapaklary geçirilende giňden peýdalanmak zerurdyr!» diýen sargytlaryndan ugur alnyp döredilendigini belläp geçmek gerek.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
Babadaýhan etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.