Kesbi-kärim nesillere görelde

21 Ýanwar 2021
2375

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan zenanlar şertleriň üçüsi boýunça bäsleşip, öz saýlap alan senedini, hünär öwreden halypasyny, saýlap alan senediniň taryhyna degişli gadymy ýörelgeler, şeýle-de senetkäriň elinden çykan önümiň durmuşda ulanylyşy barada çeper beýan etdiler. Ine, zenanlarymyzyň birnäçesi bu bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Baş baýraga Balkan welaýatynyň Serdar şäherinden gelen mährem zenan Gülşat Daňatarowa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de Hormat hatlary gowşuryldy.