Mawy ekranyň taryhy

18 Ýanwar 2021
3091

Telewizor häzirki wagtda Ýer ýüzünde iň giň ýaýran elektron enjamlaryň biridir. Grek dilindäki «tele» — uzak we latyn dilindäki «visio» — görmek sözlerinden dörän telewizor sözi XX asyryň başlarynda ulanylyşa girizilýär. Ilkinji mehaniki telewizor 1923-nji ýylda Beýik Britaniýada Jon Logie Baird tarapyndan döredilýär. Şeýle hem, ol 1926-njy ýylda enjamda ak we gara reňklerden ybarat bolan ilkinji şekilleri görkezýär. Bu açyşdan soňra telewizora ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa ýaly döwletler tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär. Mehaniki telewizor ilkinji gezek toplumlaýyn esasda «Visionette» ady bilen «Western Television» amerikan kompaniýasy tarapyndan öndürilýär we 1929-njy ýylda satuwa çykarylýar. Bahasy 100 amerikan dollaryna golaý, görkezijilik hili pes bolan bu telewizorlarda sesleri eşitmek üçin goşmaça enjamlary gurnamaly bolupdyr.

Telewizorlar döredilen gününden başlap yzygiderli kämilleşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen elektron telewizorlar hem oýlanyp tapylýar. 1934-nji ýylda Germaniýada «Telefunken» kompaniýasy tarapyndan ilkinji elektron telewizor önümçiligi ýola goýulýar, şeýle hem «DFR» telestudiýasy işläp başlaýar. 1936-njy ýylda Germaniýada geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýurduň ilaty ilkinji gezek telewizorlar arkaly tomaşa edipdirler. Soňra bu enjam Beýik Britaniýa, Fransiýa döwletlerinde hem öndürilip başlanýar. 1930-njy ýyllaryň ahyrynda ABŞ-da 7000, Germaniýada 1600, Beýik Britaniýada bolsa 19000 telewizor hasaba alnypdyr.