Aslymyzdan — neslimize

14 Ýanwar 2021
1965

Atababalarymyz öz perzentleriniň süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri barada uly alada edipdirler.

Türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň hem döredijiliginiň köp bölegini öwütündew häsiýetli eserler tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininiň miwesi bolan eserleri hem ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romany ýaş nesilleri watançylyk, ýokary ahlak kadalary hemde milli ýörelgeler esasynda terbiýelemekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşaýyş menzilleriniň tejribesini, manyly ömrüň paýhas maňyzlaryny özünde jemleýän bu roman halkymyza bagyş edilen durmuş hazynasydyr.

Gülşirin ATAGELDIÝEWA,
Tejen şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekiller bölümçesiniň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň kapitany.