«Gül keşbiň ýaraşar güllere, bedew!»

14 Ýanwar 2021
2512

Keramatly türkmen topragynda kemala gelen ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli baýlygydyr, buýsanjydyr, ata-babalarymyzyň bize galdyran genji-hazynasydyr. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Behişdi bedewler» diýlip dürlüçe atlandyrylýan nurana bedewlerimiz at tohumlarynyň iň kämili we gadymylarynyň biridir.

Şonuň üçin-de at oýnatmak, at üstünde dürli çalasyn oýunlary ýerine ýetirmek türkmen ýigitlerine gadymdan mahsus. Munuň şeýledigine Oguz han atamyzyň ýol-ýörelgesi esasynda ata Watan üçin şan-şöhrat gazanan türkmen gahrymanlary bilen baglanyşykly wakalar, rowaýatlar, şadessanlar arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Eýsem, «Görogly» şadessanyndaky Göroglynyň «at oýnadyşy», «at bökdürişi», «altyn gabak atyşy» şondan habar bermeýärmi näme?!

Amangeldi HOMMAKOW,
Baýramaly etrap hassahanasynyň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.