Täze ýyl arçasyndaky dabara

2 gün öň
58

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde ýerleşýän welaýatymyzyň baş arçasynda “Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ýyl arçasyndaky dabarany welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim we Medeniýet müdirlikleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Toý meýdançasynda hoş owazly, şirin mukamly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Tans-halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary joşgunly aýdym-sazlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi hem-de dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Bu ýerdäki çykyşlarda Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, ösüşdir özgertmeleri, döwrümiziň eşretleri, asuda asmanymyz, halkymyzyň bagtyýarlygy öz waspyny tapdy.

Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.