Täze ýyl şüweleňi

2 gün öň
61

Sarahs etrap bilim bölüminiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda etrabyň 4-nji çagalar bakja-bagynda “Iň gyzykly Täze ýyl şüweleňi” ady bilen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp bäsleşik geçirildi. Täze ýyl baýramçylygyny şatlykly geçirmek, şeýle-de körpeleriň türkmen milli sungatyna, halk döredijiligine bolan söýgüsini ösdürmek we kämilleşdirmek, şeýle hem olarda döredijilige söýgi döretmek, ukyply we zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik diýseň uly täsirleri döretdi.

Körpeler öz çykyşlarynda ata Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek babatdaky özgertmelerini çaga kalbyndan beýan etdiler. Körpeleriň çaga kalbynyň täsin döredijiligi we ýurdumyzy wasp edýän aýdymlary aýtmak, surat çekmek, ýelimlemek, şekil ýasamak ukyplaryna hem baha berildi.

Sülgün BEGMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap Geňeşiniň işgäri.