Dünýä uzaýan milli edebiýat

2 gün öň
103

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meniň ykbalymda-da ýatdan çykmajak pursatlar az bolmady. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagym ylhamyma ganat bekletdi. Golaýda bolsa maňa Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasy tarapyndan «Dilde, pikirde, işde birlik. Türki dünýäsiniň edebiýaty (hekaýa) baýragyna» mynasyp bolmak bagty nesip etdi. Onlarça ýurtdan ýazyjylaryň eserleri gatnaşdyrylan halkara edebiýat bäsleşiginde «Dünýäniň yşky» atly hekaýalar, nowellalar kitabym baýraga mynasyp görüldi.

Türki dünýäsiniň görnükli döwlet işgärleriniň, edebiýat, sungat wekilleriniň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen gowşurylyş dabarasynda «Janymyň jananasy», «Ýelpeselendi» ýaly aýdymlarymyzyň ýerine ýetirilmegi bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň, Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasynyň başlygy Derýa Örsüň, Türk dil guramasynyň başlygy Osman Merdiň çykyşlarynda-da, Azerbaýjanyň halk ýazyjysy, meşhur kinorežissýor, 88 ýaşly Anar Resul ogly Rzaýew bilen gürrüňdeşligimizde-de ýurtlarymyzyň arasynda alnyp barylýan dost-doganlyk syýasatynyň edebi gatnaşyklarynyň geriminiň giňemegine oňyn täsir edýändigi baradaky buýsançly pikirler orta atyldy. Şeýle pursatlarda milli edebiýatymyza dünýäniň giň gapysyny açyp, ylhamymyza ganat bekledýän hormatly Milli Liderimize, mertebesi belent Prezidentimize hormatyň Arş deňine göterilýär.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.