Döwrümiziň watançy şahyry

2 gün öň
104

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Seýitnazar Seýdi ýaly serkerde şahyrlarymyz bar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Maksatmyrat Atabalowdyr.

Maksatmyrat 1977-nji ýylyň 17-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ak altyn obasynda dünýä inýär. Çagalygyndan tebigy zehinli oglanjyk 4-5 ýaşlarynda Ata Salyhyň «Şagal we horaz» diýen basnýasyny ýatdan öwrenýär. Goňşy-golamlary Maksatmyrada: «Şagal bir gün ajykdyny» aýdyp ber, hany» diýip, oňa bu basnýany aýtdyrar ekenler. Heniz orta mekdebe barmanka, özbaşdak okamagy, ýazmagy öwrenen Maksatmyradyň mekdep ýyllarynda döreden «Obam» atly goşgusynda dogduk obasyny wasp edişi okyjyny biygtyýar ýatlama güzerine aýlaýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň podpolkownigi.