Surat (Hekaýa)

2 gün öň
101

Her ýyl Täze ýyl baýramy gelende, çagalygymyň şadyýan pursatlary gözümiň öňünde janlanýar. Esasanam, garly gyşlary ýatlaýan. Şeýle pursatlarda süýjüje gussalarymyň dermanyny gözleýän dek, surat albomymy elime alýan. Onuň sahypalaryny agtaryp oturyşyma, çagalygyň dünýäsine girip gidenimi duýman galýan.

Çagalygyň gyşy. Çagalygyň gary. Ol gyşlaryň, ol garlaryň özboluşly tagamy bar. Şeýle günlerde çaga kalbyna çalymdaş ap-ak dünýäde şadyýanja oýnap ýörşüňe deň-duşlaryň bilen jemlenişip gar adam ýasamagyň hezili-de üýtgeşik. Iň bärkisi şol oýunlarda birek-birek bilen basdaşlyk etmegiňem özboluşly lezzeti bardyr. Gar adam ýasamakda-da şeýledir. Ikibir-üçbir bolup kim has uly, owadan gar adam ýasamakda bäsleşersiň. Beýleki topardakylaryň arasynda bize görä uluraklar köp bolansoň, biz hemişe olardan asgyn gelerdik. Şonda-da, her gezek garaçynymyz bilen jan ederdik.

Annagül BALKANOWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.