«Hakyda göwheri» köňüllere şugla saçýar

22 Dekabr 2024
19

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredýän her bir eserinde beýan edilýän pikirler, aňladylýan duýgular biz  — ýaşlar üçin kämil ýol-ýörelgedir. Daragtyň ömri onuň köküniň berkligine hem abatlygyna bagly. Edil şonuň ýaly, ynsan hem özüniň gelip çykyşy, asyl-aňyrsy bilen beýikdir. Ine, Milli Liderimiziň jöwher zehininden dörän täze
«Hakyda göwheri» atly kitabynda hem hut şu pelsepe öňe sürülýär we okyjynyň öňünde ähli çuňlugy bilen açylýar.

Gahryman Arkadagymyz özüniň täze eserinde ynsany bagtyýar edýän esasy ýagdaýlaryň içinde milli buýsanjyň aýratyn ornunyň bardygyny dürli mysallaryň üsti bilen beýan edýär, öz milletiňe, halkyňa bolan söýginiň hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak ägirt güýje eýedigini düşündirýär. Aslynda, millilige bolan buýsanç Gahryman Arkadagymyzyň islendik eserinde hem kämilligiň daýanç nokady, watansöýüjiligiň beýik mysaly hökmünde öňe sürülýär. Bu bolsa Milli Liderimiziň ähli oý-pikirlerini, ilkinji nobatda, Watana bolan öçmejek hem päk söýgä baglaýandygyny subut edýär.

Uzukjemal Halnazarowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.