"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýylyň 19-njy de­kabr­ynda Kua­la-Lum­pur­da il­kin­ji ge­zek res­mi sa­par­da bol­ýan Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedow Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Da­to Se­ri An­war Ib­ra­him bi­len ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.

Ta­ry­hy eser bilen tanyşlyk

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Çe­per dö­re­di­ji­li­ge çäk­siz sar­pa goý­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz ha­kyn­da top­lan en­çe­me mag­lu­mat­la­ry­ny ka­gy­za ge­çi­rip, tä­ze ki­ta­by­ny ýa­zyp ta­mam­lan­dy­gy­ny, bu ge­zek­ki tä­ze dür­dä­ne ese­ri­ne «Ha­ky­da göw­he­ri» di­ýip at go­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky ha­bar bü­tin türk­men hal­ky bi­len bi­le­lik­de bi­ziň hem ýü­re­gi­miz­de çäk­siz buý­sanç duý­gu­sy­ny art­dyr­dy.

«Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» ýa­pon di­lin­de

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 18-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edi­len ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Täze ýylym, gadamlaryň mübärek!

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tum­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­ny hem tamamlap barýarys. Tä­ze ýy­ly­my­zy uly hö­wes bi­len hem gar­şy­la­ýa­rys.

Ýur­du­myz­da Tä­ze ýyl

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ta­ry­hy we me­de­ni wa­ka­la­ra baý ýyl­la­ryň bi­ri bo­lan 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly öz no­ba­ty­ny tä­ze — 2025-nji ýy­la ber­me­gi üçin sa­nal­gy­ja gün­ler gal­dy. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da, paý­tag­ty­myz­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň aja­ýyp be­zeg­le­ri­niň öwüş­gi­ni­ni gör­mek bol­ýar. Ýol etek­le­ri­niň ar­ça­la­ry­nyň be­ze­gi, se­ýil­gäh­ler­de­dir bi­na­lar­da gur­na­lan «Tä­ze ýy­ly­ňyz gut­ly bol­sun!» di­ýen ýaz­gy­la­ry gö­re­niň­de-de baý­ram­çy­lyk ru­hu­nyň hal­ky­my­za paý­la­ýan şat­ly­gy­ny duý­mak bol­ýar.

Ar­ka­dag şä­he­ri uly ösüş­le­re eýe bol­ýar

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 9-njy de­kab­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­riniň ESQR – Hil sel­je­riş bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Jem­gy­ýe­ti­niň ab­raý­ly «Qua­li­ty Choice Pri­ze 2024» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ma­gy ýur­du­my­zyň şä­her gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­syn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy bol­dy. Baý­ra­gyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy We­na şä­he­ri­niň meş­hur «Park­ho­tel Schonb­runn» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra çä­re Eu­ro­pe­an Society for Qua­li­ty Re­se­arch (ESQR) ta­ra­pyn­dan gur­na­lyp, şä­he­riň dep­gin­li ösü­şi, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de ener­gi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýa­ly ugur­lar­da hil do­lan­dy­ry­şyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär.

Dost­luk­ly döw­le­tiň ser­gi­si

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Iran Ag­ro­fo­od» at­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si, şeý­le hem onuň çäk­le­rin­de türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Tä­ze üs­tün­lik­le­re ru­hlan­dyr­dy

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Yh­las­ly çe­ken zäh­me­ti­ňe be­lent sar­pa go­ýul­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de ýa­şa­mak, iş­le­mek, dö­ret­mek — ta­pyl­gy­syz bagt. Bi­lim ul­ga­myn­da çe­ken 50 ýyl­dan gow­rak zäh­me­tim, şeý­le hem da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýaş to­ýy my­na­sy­bet­li «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­lan­ma­gym me­ni tä­ze dö­re­di­ji­lik ru­hu­na bes­le­di.

Ar­ka­dag­ly Ser­dar, eziz Ar­ka­dag, siz bi­len bagt­ly, buý­sanç­ly di­ýar

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Adat­ça, adam ýy­lyň ta­mam­la­nyp bar­ýan pur­sat­la­ryn­da özün­de, öm­rün­de bo­lan öz­ge­riş­le­re ser sal­ýar. Bu sy­ýa­sy nuk­daý­na­zar­dan se­re­di­le­n­de hem şeý­le. Ýyl­lar döw­rüň, döw­le­tiň ösü­şi­niň, öz­ge­ri­şi­niň öl­çeg te­re­zi­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len gül­le­ýän Wa­ta­ny­myz­da ýyl­lar yn­san ru­hu­na nur ça­ýyp, türk­me­niň be­ýik ady­ny äle­me ýa­ýyp gel­ýär. Be­ýik üs­tün­lik­le­re, şan-şöh­ra­da bes­le­nip hem ta­mam bol­ýar.

Gyş pas­lyn­da dog­ry iýmit­len­mek

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Gök önüm­ler sag­dyn iý­mit­len­me­giň iň mö­hüm bö­lek­le­ri­niň bi­ri­dir. Ola­ryň dü­zü­min­de wi­ta­min­ler, mi­ne­ral­lar we an­ti­ok­si­dant­lar ýa­ly peý­da­ly mad­da­lar köp. Esa­sa­nam, gyş pas­lyn­da gök önüm­le­riň peý­da­sy has ulu­dyr, se­bä­bi olar be­de­ni wi­ta­min ýet­mez­çi­li­gin­den go­ra­ýar we im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Gyş pas­lyn­da adam be­de­ni Gün şöh­le­si­niň we he­re­ke­tiň ýet­mez­çi­li­gin­den ejir çek­ýär. Bu ýag­daý im­mu­ni­te­tiň pe­sel­me­gi­ne, nerw ul­ga­my­nyň gow­şa­ma­gy­na we umu­my sag­lyk ýag­da­ýy­nyň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler. Gök önüm­ler bol­sa şeý­le me­se­le­le­riň öňü­ni al­mak­da uly kö­mek ber­ýär.

Sport. Dostluk. Bagtyýarlyk

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň Gum­dag şä­her­çe­si­niň 6-njy we 7-nji sport mek­dep­le­ri bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­ka­na­bat şä­her Ge­ňe­şi «Sport bi­ziň sag­ly­gy­myz­dyr» ady bi­len mil­li gö­reş bo­ýun­ça Gum­dag şä­her­çe­si­niň sport mek­dep­le­ri­niň tür­gen­le­ri­niň ara­syn­da bi­rin­ji­lik ge­çir­di. Ýa­ryş­da 1-nji or­na Kuw­wat Baý­ram­dur­dy­ýew, 2-nji or­na Jeý­hun Sö­ýün­mäm­me­dow, 3-nji or­na Ka­kyş Se­ýi­dow my­na­syp bol­dy. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lanlara Gum­dag şä­her­çe­si­niň 6-njy sport mek­de­bi­niň Hor­mat hat­la­ry we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­ka­na­bat şä­her Ge­ňe­şi­niň ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Mu­gal­lym — ne­sil­le­riň çy­ra­gy

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Mu­gal­lym... Bu söz bi­ziň kal­by­myz­da mü­di­mi ýa­şa­ýan, ru­hu­my­zy gö­ter­ýän we aňy­my­zy ös­dür­ýän be­ýik dü­şün­je­dir. Edil Gün ýa­ly nur­ly, edil çeş­me ýa­ly päk, edil dag ýa­ly be­lent bu hü­när eýe­le­ri jem­gy­ýe­ti­mi­ziň bin­ýa­dy­ny ber­kid­ýän esa­sy da­ýanç­dyr. Her bir mu­gal­lym — ylym we bi­lim dün­ýä­si­niň nur­ly çy­ra­sy. Olar öz şä­girt­le­ri­niň ýü­re­gin­de yl­myň, bi­li­miň we dö­re­di­ji­lik ru­hu­nyň ot­la­ry­ny ýak­ýar­lar. Bu çy­ra nä­çe ýag­ty bol­sa, şä­girt­le­riň gel­je­gi hem şon­ça ýag­ty bo­lar. Mu­gal­ly­myň eli bi­len ýa­ky­lan ylym çy­ra­sy ne­sil­le­riň aňyn­da mü­di­mi ýan­ýan çy­ra öw­rül­ýär.

Täze ýyl harytlarynyň bolçulygy

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Türkmenistanda Tä­ze ýy­l baýramy döw­let de­re­je­sin­de şat­lyk-şow­hun bi­len bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Hal­ky­myz­da toý-baý­ram­la­ra, şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk­ly bar­mak, baý­ram­çy­lyk sa­çak­la­ry­ny dür­li naz-nyg­mat­lar bi­len be­ze­mek asyr­lar­dan do­wam edip gel­ýän asyl­ly dä­bi­miz­dir. Tä­ze ýyl baý­ram­y my­na­sy­bet­li söw­da no­kat­la­ry­nyň hal­kyň sarp ed­ýän gün­de­lik ha­ryt­la­ry, Tä­ze ýyl sow­gat­la­ry we beý­le­ki önüm­ler bi­len has-da baý­laş­ma­gy be­re­ket­li türk­men sa­çak­la­ry­nyň bol­çu­ly­gy­ny öň­kü­den-de art­dyr­ýar. Ak ba­zar­la­ry­myz­da dür­li ha­ryt­la­ryň bol­çu­ly­gy­nyň bol­ma­gy mer­da­na hal­ky­my­zyň Tä­ze ýy­ly ýo­ka­ry de­re­je­de gar­şy al­ma­gy­na uly müm­kin­çi­lik berýär.

TDBSI ab­raý­ly hal­ka­ra bir­le­şi­giň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 18-nji de­kab­ryn­da Al­ma­ty şä­he­ri­niň Ga­zak sport we sy­ýa­hat­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň çöz­gü­di bi­len Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ab­raý­ly hal­ka­ra bir­le­şi­giň ag­za­ly­gy­na res­mi taý­dan ka­bul edil­di. De­giş­li şa­ha­dat­na­ma Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­sy K.Za­kir­ýa­now ta­ra­pyn­dan Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­na we­kil­çi­lik ed­ýän Ta­lyp­lar sport klu­bunyň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ta­lyp­lar sport fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş kä­ti­bi S.Gur­do­wa da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Tä­ze ýy­lyň aja­ýyp pur­sat­la­ry

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Tä­ze ýyl — adam­za­dyň uly umyt bi­len bir sa­ça­gyň ba­şyn­da maş­ga­la bo­lup, şat­lyk-şow­hun bi­len bel­le­ýän baý­ramy. Adam­lar gyş gel­di­gi, Tä­ze ýy­la taý­ýar­lyk gör­ýär­ler. Gyş diý­len­de, il­kin­ji pi­kir­len­ýän za­dymyz gar toz­ga­la­ry, olar gy­şyň be­ze­gi. Ça­ga­la­ryň el­le­ri­ne elli­gi­ni ge­ýip, bi­ri-bi­ri­ne gar zy­ňyş­ýan pur­sat­la­ry, gör, nä­hi­li aja­ýyp?! Ola­ryň so­wuk­dan ýa­ňa çek­ge­jik­le­ri­dir ýa­ňak­la­ry gy­za­rsa-da, oýun oý­nap ýö­riş­le­ri­ne so­wu­gy unudýarlar. Se­bä­bi ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýy­lyň we gy­şyň şow­hu­ny ça­ga­la­ryň tutuş be­de­ni­ne nur çaý­ýar. Heý­-de, mun­dan ar­tyk bagt bo­lar­my?! Ga­ryň ak­ja reň­ki gi­je­le­ri­ne­-de ga­ra tüm­lü­gi ýag­tyld­ýan nur my­sa­ly. Gi­je­le­ri­ne gar ýa­gan­da, göz­ýe­ti­me il­me­ýän zat­la­ram gö­rüp bol­ýar. Pe­der­le­ri­mi­zem ýö­ne ýe­re «Ak zat al­ny­ňa ýag­şy» di­ýip aýt­man­dy­r-a.

Sport habarlary

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Akyl-paý­has oýun­la­ry bo­ýun­ça bäs­le­şik

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Türk­me­nis­tan­da Tä­ze ýyl baý­ra­my üçin taý­ýar­lyk­lar giň­den do­wam ed­ýär. Bu baý­ram türk­men hal­ky­nyň iň uly we şat­lyk­ly baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de äh­li we­la­ýat­lar­da, şä­her­ler­de we oba­lar­da da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär. Tä­ze ýyl baý­ra­my Türk­me­nis­tan­da mil­li we me­de­ni däp­le­riň, hal­kyň bir­li­gi­ni we dost­lu­gy­ny nyg­ta­ýan aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Aş­ga­bat­da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de, we­la­ýat­lar­da kö­çe­ler baý­ram­çy­lyk be­zeg­le­ri bi­len öz­bo­luş­ly gör­nü­şe eýe bol­ýar.

Gylyçdurdy Durdyýew — Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 16-njy de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de mer­da­na hal­ky­my­zyň be­ýik gah­ry­man­çy­ly­gy­ny, wa­tan­per­wer­li­gi­ni, pa­ra­hat­sö­ýü­ji­li­gi­ni, bag­ty­ýar­ly­gy­ny, hoş­ny­ýet­li­li­gi we söý­gi­ni, şeý­le hem Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zy hem-de beý­le­ki mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy be­lent­den wasp ed­ýän aý­dym-saz eser­le­ri­ni kä­mil de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň ýaş est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň we hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çir­ýän «Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» at­ly bäs­le­şi­giň je­mi jem­len­di.

Sam­bo gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ta­lyp­lar sport fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň sport top­lu­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my­nyň 29 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da Sam­bo gö­re­şi (og­lan­lar) bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ril­di.

Daş keş­be al­da­nyp ki­çel­mäň!

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ýön­tem hem sa­da geý­nen jü­büt gar­ry Bos­ton wok­za­lyn­da dü­şüp, ýaý­dan­jaň gör­nüş­de Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň rek­tor­ly­gy­na gel­di­ler. Gi­rip-gir­män­kä kä­tip gyz haý­dap sto­lun­dan tur­dy-da, ola­ryň öňü­ne geç­di. Bu­lar ýa­ly söl­pi gar­ry­la­ryň Gar­ward ýa­ly iň uly uni­wer­si­te­tiň rek­tor­lygyn­da nä­me işi bo­lup bi­ler?