Türkmen sarpalap myhmany, giňden ýazar desserhany

27 Noýabr 2024
218

Halkymyzyň gadymdan gelýän ajaýyp däp-dessurlarynda arkama-arka dowam edip gelýän myhmansöýerlik gatnaşyklary aýratyn orny eýeleýär. Myhmansöýerlik barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda şeýle diýýär: «Myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir. Bu ýerde ýakynlyk öz bähbidiň däl-de, il-uluslaryň bähbidi babatda umumy wezipeleri seljermäge synanyşyk edilmegindedir».

Myhmansöýerlik — hormatyň, ynsan kalbynyň, köňül öýüniň açyklygynyň netijesidir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.