Täze ýyl sowgady
«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Dekabr aýy geldigi Güljahany bir alada gurşap alýar. Aslynda bu alada diňe bir Güljahany däl beýleki çagalaram oýlandyrýar, ýöne Güljahanyň alada edişi beýlekilere garanda has artygrak ýaly. Ol alada hem bolsa Täze ýyla üýtgeşik sowgat taýýarlamak, eje-kakasyny, doganlaryny begendirmek. Gowy edip arça bezemek, gündeligini diňe bäşlikden dolduryp görkezmek, goşgular ýatlap aýdyp bermek geçen ýyllarda edilen sowgatlar. «Bu ýyl näme etmeli? Başgarak bir täzelik etmeli. Beh, Täze ýyl diýmek, täzelik tapmak diýmek eken-ow.»